Boks boýunça agyr agramda britaniýaly Entoni Joşua bilen meksikaly Endi Ruiz Junior tutluşdy. Nýu Ýorkdaky “Medison Skuaýr Sentrde” geçirilen bu duşuşygyň 3-nji raundynda Joşua Ruizi nokdaun bilen ýere ýykdy. Ýöne Ruiz dessine özüni dürsemegi başardy. 4–5–6-njy raundlar adaty ýagdaýda dowam etdi. 7-nji raundda meksikaly boksçy güýçli garşydaşyny zarba bilen ýere ýazdy. Şeýlelikde, 29 ýaşyndaky boksçy tehniki nokaut bilen karýerasyndaky 35-nji duşuşygynda 33-nji ýeňşini gazandy. Bu onuň 22-nji nokauty hökmünde hasaba alyndy. Endi Ruiz Junior agyr agramda çempionlyk gazanan ilkinji meksikaly boksçy hökmünde taryha girdi. Ol bu ýeňişden soň, WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO guşaklarynyň täze eýesi boldy.
Ady agzalan guşaklary elden gideren, mundan öňki 22 duşuşygynyň ählisinde (21-si nokaut bilen) ýeňiş gazanan 29 ýaşly Joşua ilkinji gezek asgyn geldi. Ol faworit hökmünde çykan duşuşygynda ýeňlip, Lennoks Lýuwis, Maýk Taýson ýaly faworit bolubam garaşylmadyk ýagdaýda asgyn gelen boksçularyň hataryna goşuldy. Entoni Joşua aslynda bu tutluşygy amerikaly ýeňlişsiz boksçy Jeýms Miller bilen geçirmelidi. Ýöne Milleriň barlaglarynda gadagan edilen dermanlaryň biriniň ýüze çykmagyndan soň, onuň ornuna Endi Ruiz Junior bilen tutluşdy. Joşua bilen Ruiziň noýabr ýa-da dekabr aýynda täzeden “rewanş” duşuşygy üçin ýene-de ringe çykmagyna garaşylýar.