Di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na do­ly la­ýyk gel­ýän Har­by dokt­ri­na­da kes­git­le­nen ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler­den ugur al­mak bi­len, eder­men Wa­tan go­rag­çy­la­ry ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da sak dur­ýar­lar. Go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, har­by-tak­ti­ki okuw­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bu okuw­lar har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, mil­li go­şu­ny­my­zyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy, onuň üp­jün­çi­li­gi kä­mil­leş­di­ril­ýär, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­lu­gy we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­mä­ge, go­şun­la­ryň dür­li ky­sym­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň hi­li­ne, ola­ryň gul­lu­gy­na öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni hem-de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Ge­çi­ril­ýän har­by okuw-tür­gen­le­şik iş­le­ri mil­li go­şu­ny­my­zyň şah­sy dü­züm­le­ri­niň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­ny bar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­di.
… Ir­den mil­li Li­de­ri­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bö­lüm­le­ri­niň bi­ri­niň çä­gi­ne gel­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň gul­luk­çy­la­ry üçin döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ser­het ga­la­la­ry­nyň we bi­rik­me­le­ri­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na kuw­wat­ly iter­gi be­ril­di. Şun­da har­by gul­lu­gy ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň go­wy dynç al­ma­gy hem-de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy har­by bö­lü­miň mer­ke­zi bi­na­sy­na bar­dy. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz har­by bö­lü­miň ýö­riş meý­dan­ça­sy­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de har­by ny­za­ma dü­zü­len es­ger­ler we ser­ker­de­ler bi­len sa­lam­laş­dy. Har­by bö­lü­miň ny­zam meý­dan­ça­syn­da har­by gul­luk­çy­lar bi­len bir ha­tar­da, IIM-de mö­hüm orun eýe­le­ýän ala­baý it­le­ri­niň, şeý­le hem at­ly dü­züm­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, es­ger­le­riň ala­baý­lar we ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len ge­çir­ýän tä­lim­le­ri­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy es­ger­le­riň ýat­ýan ota­gy­na ba­ryp gör­di, bu ýer­de es­ger­ler üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy. Aý­ra­tyn-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz es­ger­le­riň gün­de­lik dur­muş­da ulan­ýan se­riş­de­le­ri, ola­ryň hil de­re­je­si we aý­ra­tyn­lyk­la­ry, luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty bi­len iç­gin gy­zyk­lan­dy.
Ýaş es­ger­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň söz­le­ri­ne, Ke­rim­gu­ly Berdimuhamedowyň sa­zy­na dö­re­di­len “Ro­waç” at­ly aý­dy­my uly joş­gun bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bu bö­lü­miň şä­her­çe­si­niň dü­zü­min­de Me­de­ni­ýet öýi bar. On­da me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­ni, aý­dym-saz­ly da­ba­ra­la­ry, dür­li mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur se­riş­de­ler bar. Şeý­le hem bu ýer­de luk­man­çy­lyk gul­lu­gy­nyň otag­la­ry ýer­leş­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­myň ýö­ri­te­leş­di­ri­len tür­gen­le­şik meý­dan­ça­sy­nyň syn­la­ýyş mün­be­ri­ne bar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ryň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň tak­ti­ki taý­ýar­ly­gy ba­bat­da­ky us­sat­ly­gy­ny syn­la­dy.
Şeý­le hem bu ýer­de Go­rag­çy at­ly itiň ba­şar­ny­gy gör­ke­zil­ýär. Bu kö­pe­gi 2016-njy ýy­lyň mar­tyn­da ýur­du­my­zyň ser­het­çi­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ze sow­gat hök­mün­de gow­şur­dy­lar. Bu it bi­len gul­lu­gyň har­by gul­luk­çy­la­ry de­giş­li tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni alyp bar­dy­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de Go­rag­çy gul­lu­gyň he­re­ket­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li tä­li­mi do­ly öz­leş­di­rip, örän düş­bü­li­gi we ber­len buý­ru­gy us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ar­ka­ly ta­pa­wut­lan­ýar.
Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­weş­jeň ýa­rag­dan ny­şa­na ok atyp, mer­gen­lik us­sat­ly­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek gör­kez­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da ok at­mak bi­len ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­da meş­gul­la­nyp, bu ugur­da be­lent de­re­je­le­re ýet­di.
Mu­nuň özi her bir ugur bo­ýun­ça hü­när us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň nus­ga­lyk mek­de­bi bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň goý­lan ny­şa­na­la­ry dürs urup bil­me­gi bu ugur­da ýe­ter­lik tej­ri­be top­lap, ýo­ka­ry us­sat­lyk de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de gör­ke­zil­ýän har­by teh­nika­la­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­la­nyp, döw­le­ti­mi­ziň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­rynyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de sö­weş­jeň teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Bu ýer­de teh­ni­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­dä­ki ulag­lar hem bar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz goň­şy ýur­duň ön­dü­ren ulag­la­ry­ny syn­lap, ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz Öz­be­gis­tan bi­len bu ugur­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ku­ça­ry özi do­lan­dy­ryp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by okuw-tür­gen­le­şik ge­çir­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za okuw tür­gen­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şu ge­zek­ki har­by-tak­ti­ki tür­gen­le­şik­ler­de Har­by-ho­wa güýç­le­ri we ho­wa hü­jü­min­den go­ran­mak go­şun­la­ry, Gu­ry­ýer go­şun­la­ry­nyň har­by bö­lüm­le­ri, şeý­le hem har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň “Türk­men eder­men” ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ry şert­li gar­şy­da­şy hem-de döw­le­ti­mi­ziň çä­gi­ne taş­la­nan di­wer­si­on to­par­la­ry zy­ýan­syz­lan­dyr­mak­da we ýok et­mek­de öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.
Okuw tür­gen­le­şik çy­kyş­la­ry ta­mam­la­nan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­den we­lo­si­ped­de ug­ra­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, we­lo­si­ped spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler spor­tuň ýur­du­myz­da iş­jeň meş­gul­lan­ylýan gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Mu­nuň özi jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ni esa­sy ugur edin­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­lo­si­ped sü­rüp gel­şi­ne bu ýer­de gur­na­lan ny­şa­na­la­ryň de­ňin­de öw­rüm edip baş­la­dy. Şol pur­sat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sa­pan­ça­dan ny­şa­na­lar bo­ýun­ça ok at­dy. We­lo­si­ped­de öw­rüm edip bar­şy­na ny­şa­na­la­ry dürs ur­mak bi­len, Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz özü­niň be­den taý­ýar­ly­gy­ny we us­sat­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la äş­gär et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­lo­si­pe­diň üs­tün­den ny­şa­na­la­ry ur­mak bi­len, har­by gul­luk­çy­la­ra, aý­ra­tyn-da, ýaş es­ger­le­re nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Mu­nuň özi her bir ugur bo­ýun­ça ýo­ka­ry uky­by bo­lan Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň us­sat­lyk de­re­je­si­ni gör­kez­ýän pur­sat­la­ra öw­rül­di.
Bu ýer­de ge­çi­ri­len har­by okuw-tür­gen­le­şi­gi­ne gat­na­şan es­ger­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dürs uran ny­şa­na­la­ry­ny syn­la­dy­lar. Bu gör­nüş­ler Wa­ta­ny­my­zyň asu­da­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da sak dur­ýan har­by gul­luk­çy­lar üçin gö­rel­de mek­de­bi bo­lup dur­ýar
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by teh­ni­ka­la­ryň we sö­weş­jeň se­riş­de­le­ri­niň ser­gi­si­ni syn­la­dy. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dü­züm­le­rin­de bar bo­lan we tä­ze ge­lip gow­şan har­by teh­ni­ka­la­ryň köp gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow har­by teh­ni­ka­lar we sö­weş­jeň ýa­rag­lar, ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len tan­şyp, ola­ra us­sat­lyk bi­len erk et­me­giň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň tu­tuş şah­sy dü­zü­mi­ne mah­sus­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zy go­ra­mak bo­ýun­ça mu­kad­des har­by bor­jy Wa­ta­ny­my­za we har­by ka­sa­ma we­pa­ly­lyk ru­hun­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.