Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da her ýyl giň­den bel­le­nil­ýän 12-nji iýun-Ylym­lar gü­ni mil­li yl­my ös­dür­me­giň, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň yl­my bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk hem pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ylym­lar aka­de­mi­ýa­syn­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çir­di. Da­ba­ra­ly mas­la­hat­da mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da öz­gert­me­le­ri mun­dan beý­läk-de giň ge­rim bi­len ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­ry­hy Ka­rar­la­ra gol çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­ly mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni mun­dan beý­läk-de çalt­lan­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­ýa­lar hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de yl­myň tut­ýan or­nu­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, “Türk­me­nis­tan­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra, “Türk­me­nis­tan­da yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­ret­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra, şeý­le hem yl­my mas­la­hat­la­ryň, yl­my sa­par­la­ryň, yl­my in­no­wa­si­on oý­lap ta­pyş­la­ryň hem-de bi­le­lik­dä­ki hal­ka­ra yl­my tas­la­ma­la­ryň ma­li­ýe­leş­di­ri­li­şi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ylym­la­ry ös­dür­me­giň gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra gol çek­di.
Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky yl­my eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, yl­my iş­gär­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­la­ma­gy döw­let ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­mak mak­sa­dy bi­len, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na 35 mil­li­on ma­nat möç­ber­de pul se­riş­de­si­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni bel­läp, “Türk­me­nis­ta­nyň ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­gi ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra hem gol çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da yl­my ös­dür­mek üçin yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry­nyň, okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­ma­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti ös­dür­mek­de, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da bi­lim ul­ga­my­nyň or­nu­nyň hem ulu­dy­gy­ny bel­läp, bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra hem gol çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky” Per­ma­na hem-de ins­ti­tu­tyň me­se­le­le­ri ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra, şeý­le hem N.Ku­li­ýe­wi bu ins­ti­tu­tyň rek­to­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­mek ba­ra­da­ky Per­ma­na, “Türk­me­nis­ta­nyň Je­ma­gat ho­ja­ly­gy ins­ti­tu­ty­ny Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty di­ýip at­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra hem-de A.Aşi­ro­wy bu ins­ti­tu­tyň rek­to­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­mek ba­ra­da­ky Per­ma­na, şeý­le hem “Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­ny Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty di­ýip at­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra hem gol çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny we köp­dür­lü­li­gi­ni has-da gi­ňelt­mek, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni hem-de gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, bu pu­dak üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, “Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra-da gol çek­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň örän oý­la­ny­şyk­ly yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, mun­dan 10 ýyl ozal Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy dö­re­dil­di. Mu­nuň özi bu ul­gam­da düýp­li öz­gert­me­le­re ba­dal­ga ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-bi­lim, dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­li­gi yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar, ýaş alym­la­ry, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da uly ösüşler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň kes­git­läp be­ren yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň yl­my eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan gel­je­gi mö­hüm äh­mi­ýet­li yl­my-bar­lag iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýaş alym­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Şeý­le hem “Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ri­ldi.