Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly bolan 2019-njy ýyl milli ykdysadyýetimizde täze döwrüň başlangyjy boldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýet ulgamyny işjeň ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler ýola goýuldy. “Sanly ykdysadyýet” adalgasy ähli pudaklary gurşap aldy. Munuň özi şol bir wagtda ýurduň ähli pudaklarynyň arasynda özara arabaglanyşygyň ykjamlaşmagynda hem-de çaltlaşmagynda hem uly mümkinçilikleri döredýär.
Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan strategik wezipe hökmünde kesgitlendi. Munuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” tassyklandy. Şol Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzda iri hem-de dünýä belli öňdebaryjy IT (information technology – maglumat tehnologiýasy) kompaniýalaryň gatnaşmagynda dürli forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Köp sanly edaradyr guramalar tarapyndan bu ugurda birnäçe döwletlerde üstünlikli ornaşdyrylan sanly ykdysadyýet, başgaça aýdylanda, elektron ykdysadyýet hem-de sanly hökümet (elektron hökümet) tejribesi giňden we içgin öwrenilýär.
Ýurdumyzda işjeň durmuşa ornaşdyrylyp başlanan sanly ykdysadyýet Konsepsiýasynyň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde döredilen IT-klasteriň agzasy hökmünde “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti mynasyp goşant goşýarlar. “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti sanly ykdysadyýet we elektron resminamalar dolanyşygy babatda döwlete dahylly bolan hem-de hususy kärhanalar üçin niýetlenen toplumlaýyn takyk çözgütleri teklip etmek we tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek maksatly Germaniýanyň dünýä belli “SAP SE” kompaniýasynyň tejribeli, ussat hünärmenleri we ýolbaşçylary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Alyp barýan netijeli işleri üçin “Türkmen-Tranzit” HJ-e dünýä standartlarynyň hiline gabat gelýän ISO 9001:2015 derejä mynasyp boldy. Bu şahadatnama Türkmenistanda ilkinji we ýeke-täk IT kompaniýasyna berildi. Germaniýanyň bu öňdebaryjy kompaniýasy bilen bilelikde sanly ykdysadyýet babatda işlenip düzülen programma üpjünçiligi boýunça tanyşdyrylyş çäreleri geçirilip başlandy. Şu ýylyň 11-nji iýunynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “SAP SE” kompaniýasynyň sanly ykdysadyýet boýunça işläp düzen IT çözgütleri barada tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu duşuşyga Maliýe we bank toplumynyň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Germaniýanyň “SAP SE” kompaniýasy biznes-prosesleriň köp ugurlaryndan öňdebaryjy bolup, dünýäde 183 müňe golaý müşderileri bar. Bu bolsa, her ugur üçin netijeli, tiz we ýeňil işlemäge ýardam berýär. Kompaniýanyň sanly ulgamda we elektron resminamalar dolanyşygynda uly tejribesi bar. “SAP SE” kompaniýasynyň çözgütleri ähli maglumat howpsuzlygyna gabat gelýär we durmuşda üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.