Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “Uber” taksi hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa uçýan taksi hyzmatlaryny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. “Uber Air” şereketi Amerikanyň Los-Anjeles we Dallas şäherlerinde, Awstraliýanyň Melburn şäherinde howa gatnawlarynyň hyzmatyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Kompaniýa indiki ýyl Melburn şäherinde synag uçuşlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. 2023-nji ýyldan başlap, söwda gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.
– Awstraliýanyň hökümeti geljegiň tehnologiýasyna has köp üns berýär. Hususan-da, ulag ulgamyndaky innowasion ösüşler has köp üns çekýär. Şonuň üçin Melburn şäheri biziň kompaniýamyzyň häzirki zaman uçýan taksileriniň synag meýdançasyna öwrüler – diýip, “Uber” kompaniýasynyň Awstraliýadaky sebit dolandyryjysy Sýuzan Anderson gürrüň berýär.