10-15-nji iýun aralygynda Italiýanyň Fabriano şäherinde ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamy atly maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 180 ýurdundan 400 wekil, 50 şäher häkimi gatnaşyp, “Kämil şäher” maslahatyň esasy mowzugy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar şäherleriň ösüşinde we galkynyşynda medeniýetiň ähmiýeti, şäher ilatynyň sosial goragy we iş bilen üpjünçiligi, şäher telekeçiligi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatda birnäçe öňdebaryjy urbanistik başlangyçlar, şol sanda, Benin Respublikasynyň paýtagty Porto-Nowoda ýaşyl we pyýada ýörelýän zolaklary döretmek boýunça maksatnamalar hödürlendi.
Italiýanyň gadymy şäheri Fabriano XIII asyrdan bäri kagyz önümçiligi bilen şöhratlanyp, ol ilki 1283-nji ýylda Milýani fabriginde öndürilipdir. Fabriano Ýewropanyň kagyz öndürýän paýtagty bolup, ol asyrlaryň dowamynda hil taýdan nusgalyk kagyzlary öndüripdir. Döredijilikli şäherleriň ulgamy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol 72 ýurduň 180 şäherini öz içine alýar.