Başlangyjy 1-nji sahypada.
10. Fran­si­ýa: Kre­dit kart­la­ryň giň­den ýaý­ran bö­le­gi 44 gö­te­ri­me deň­dir. Fran­si­ýa hem-de Ýew­ro­pa­nyň is­len­dik ýur­dun­da kre­dit we de­bit kart­la­ry­nyň has ösen ba­za­ry bar­dyr. Fran­si­ýa­nyň ila­ty­nyň 84 gö­te­ri­mi in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýurt­da elekt­ron söw­da dep­gin­li ösüp, her ýyl­ky ösüş dep­gi­ni 11 gö­te­ri­me deň­dir. Elekt­ron söw­da ba­za­ry­nyň möç­be­ri 57 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup, Ýew­ro­pa­da üçün­ji uly ba­zar­dyr.
9. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa: Ila­tyň 99 gö­te­ri­miniň bank ha­sa­by bar bol­sa-da, 62 gö­te­ri­mi kre­dit kar­ty­ny ulan­ýar. Ila­tyň 74 gö­te­ri­minde smart­fon bar, şo­nuň üçin Be­ýik Bri­ta­ni­ýa on­laýn söw­da-da Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da öň­de­ba­ry­jy­dyr. Ila­tyň 91,6 gö­te­ri­mi in­ter­net­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ýar.
8. Is­pa­ni­ýa: Bu ýurt­da bank şa­ham­ça­la­ry örän köp. Bu Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir. Bank işi has ösen­dir we bu ba­zar­da in­no­wa­si­on öz­gert­me­ler giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Is­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa­da mo­bil bank ul­ga­myn­da 4-nji orun­da dur­ýar.
7. Bra­zi­li­ýa: BMG, G-20, BSG, Mer­ko­sur, Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ry­nyň bi­le­le­şi­gi ýa­ly iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän bu ýurt­ 2014-nji ýyl­da “Bra­desco” ban­ky mo­bil ha­sap­la­şyk ul­ga­my­ny ýo­la goý­dy. Bu ban­kyň ýurt bo­ýun­ça 4686 şa­ham­ça­sy hem-de 3781 goş­ma­ça iş ýe­ri bo­lup, lo­maý söw­da sa­tuw iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýan mer­kez­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
6. ABŞ: Mo­bil ha­sap­la­şyk­lary gir­de­jisi ýo­ka­ry bo­lan ra­ýat­lar ta­ra­pyn­dan ýerine ýetirilýär. Söw­da mer­kez­le­rin­de mo­bil ha­sap­la­şyk­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi “App­le Pay” ul­ga­my ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar.
5. Rus­si­ýa: 2017-nji ýyl­da in­ter­net dü­kan­la­ryn­da­ky her 5 söw­da­dan bi­ri smart­fon­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­dy. 25 ýa­şa çen­li ýet­gin­jek­ler üçin on­laýn söw­da has ýör­gün­li bol­dy. Mo­bil ha­sap­la­şyk­lary has giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýär. 2017-nji ýyl­da ila­tyň 47 gö­te­ri­mi azyn­dan bir ha­ry­dy ýa-da hyz­ma­ty mo­bil en­jam­lary ar­ka­ly sa­tyn al­dy­lar.
4. Ys­ra­ýyl: Bu ýurt ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len meş­hur­dyr. Şo­nuň üçin mo­bil ara­gat­na­şy­gy we in­ter­net has ösen­dir. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da çalt or­naş­dy­ryl­ýar.
3. In­do­ne­zi­ýa: Ýurt­da on­laýn söw­da has giň­den ýaý­rap baş­la­dy. Ila­tyň köp bö­le­gin­de mo­bil en­jam­la­ry­na bo­lan is­leg bar­ha ar­typ, ony ulan­ma­gyň ge­ri­mi has ýaý­baň­lan­ýar. Şo­nuň üçin ýurt­da mo­bil ha­sap­la­şy­gy has ýaý­ran gör­nü­şe eýe bol­dy.
2. Hin­dis­tan: 2016-njy ýy­lyň 11-nji ap­re­lin­de ýurt­da mo­bil en­jam­la­ry üçin ýe­ke-täk in­ter­feýs ha­sap­la­şy­gy ýo­la go­ýul­dy. Şo­nuň üçin in­ter­net sal­gy­sy ýa-da sms-ha­bar­na­ma bi­len pul iber­mek we ka­bul et­mek ýe­ňil­leş­di­ril­di. Bu tas­la­ma Hin­dis­ta­nyň mil­li ha­sap­la­şyk kor­po­ra­siya­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di.
1. Hy­taý: Ýurt­da mo­bil ha­sap­la­şy­gy has ýaý­ran­dyr. “WeChat Pay” we “Ali­pay” ul­gam­la­ry ar­ka­ly on­laýn ha­sap­la­şyk­lary ama­la aşy­ryl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da mo­bil ha­sap­la­şyk­lary ýur­duň ila­ty­nyň dur­mu­şyn­da aý­ryl­maz bö­le­ge öw­rül­di.

Mübärek GOŞAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.