Beýik Britaniýanyň hökümeti howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini 2050-nji ýyla çenli dolulygyna aradan aýyrmak üçin kanunçylygy has-da berkitmegi maksat edinýär. Ýurduň Premýer-ministri bu barada degişli kanunçylyk başlangyjy bilen çykyş edip, ony milli parlamentiň garamagyna hödürlär. Şeýlelikde, Beýik Britaniýa “G-7” ýurtlarynyň hatarynda öz öňünde şeýle maksat goýan ilkinji döwlet bolar. Mundan ozal Beýik Britaniýanyň hökümeti 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini 1990-njy ýyllar bilen deňeşdireniňde, 80 göterime çenli azaltmagy maksat edinipdi.
Şeýle hem Beýik Britaniýanyň hökümeti ýene-de 5 ýyldan beýleki ýurtlaryň bu ugurda gazanan üstünliklerini hem seljermegi meýilleşdirýär. Ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýete geçmek üçin trillion funt sterling sarp etmeli bolarlar.