Internet ulgamy arkaly haryt we hyzmat söwdasyny amala aşyrýan Amerikanyň “Amazon” kompaniýasy dünýäniň iň gymmat brendi hökmünde kesgitlendi. Bu barada Beýik Britaniýanyň WPP hem-de “Kantar Millward Brown” kompaniýalary seljerme işlerini geçirdiler.
Bir ýylyň dowamynda “Amazon”-yň bahasy 52 göterim ýokarlanyp, 315,505 milliard dollara deň boldy. Bilermenleriň pikirine görä, meşhur internet söwdasyny amala aşyrýan kompaniýa müşderilerine hödürleýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegi bilen öz ornuny has-da berkitdi. Bu ugurda ikinji orunda ýene-de bir meşhur amerikan kompaniýasy “Apple” durýar. Onuň ösüş depgini 3 göterime deňeçer boldy. Bilermenleriň çaklamasyna görä, bu kompaniýanyň bahasy 309,527 milliard dollara deňdir.
Geçen ýylyň öňdebaryjysy IT-kompaniýasy “Google” birinji orundan üçünji orna düşdi. Onuň brendiniň gymmaty 309 milliard dollara deň boldy. Dördünji orny “Apple” kompaniýasynyň esasy bäsdeşi “Microsoft” eýeledi, onuň brendiniň gymmaty 251,244 milliard dollara deň boldy. Ilkinji bäşlige 177 milliard dollarlyk brend gymmaty bilen “Visa” hasaplaşyk kompaniýasy girmegi başardy. Şeýle hem öňdebaryjy 10 kompaniýanyň hatarynda “Facebook” bilen bir hatarda, Hytaýyň “Alibaba” hem-de “Tencent” şereketleri, “McDonald’s” restoranlar zynjyry, “AT&T” telekommunikasiýa kompaniýasy bar.