12-nji iýunda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrdy. Ol 1979-njy ýylyň Yslam Rewolýusiýasyndan soňra ilkinji gezek bu ýurtda saparda bolan ýapon Premýer–ministridir. Şeýle hem Sindzo Abeniň bu sapary Tähran bilen Tokionyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 90 ýyllygyna gabat geldi.
Ýurduň habar beriş serişdeleri Sindzo Abeniň Eýrana saparyna taryhy waka hökmünde baha berdiler. Ol saparynyň ilkinji güni Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat üçin beýannama bilen çykyş etdiler. Sindzo Abe çykyşynda öz ýurdunyň Tähran bilen Waşingtonyň gatnaşyklarynda zerur tagallalary amala aşyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem ýapon tarapynyň Eýran nebitini satyn alyjylarynyň biri bolup galmaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydygy mälim edildi. – Ýaponiýa Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde tagallalaryny gaýgyrmaz. Sebitiň parahatçylygy we asudalygy bütin dünýä üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Eýran sebitiň möhüm ýurdy bolup, durnuklylygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar – diýip, Abe žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belledi.
Şeýle hem 13-nji iýunda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen gepleşikler geçirdi. Onuň barşynda taraplar sebitiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Abeniň Eýrana amala aşyran taryhy saparynyň öňüsyrasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary – Taro Kono bilen Jawad Zarifiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Ýakyn Gündogardaky durnuklylygyň energiýa babatda bu sebite bagly bolan Günüň dogýan ýurdy üçin aýratyn möhümdigi bellenildi.