DEB­ÝU­TANT­LA­RYŇ 4-SI 2-NJI TAP­GYR­DA
Il­kin­ji ge­zek 24 ýy­gyn­dy­nyň gat­naş­ýan çem­pio­na­ty­nyň deb­ýu­tant­la­rynyň, ýag­ny ýa­ryş­da 1-nji ge­zek we­kil­çi­lik ed­ýän 5 to­pa­ryň 4-si 2-nji tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy. Slo­wa­ki­ýa­dyr Uel­siň, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň hem-de Is­lan­di­ýa­nyň ha­ta­ry­na di­ňe Al­ba­ni­ýa go­şu­lyp bil­me­di. As­lyn­da olar hem 3 utuk ga­za­nyp, bu ugur­da müm­kin­çi­li­ge eýe-de bol­du­lar. Ýö­ne 3 gün­läp beý­le­ki to­par­çadaky oýunlaryň ne­ti­je­sine ga­ra­şan al­ba­ni­ýaly futbolçylar ahy­ryn­da-da öz ýurtlaryna do­lan­ma­ly bol­dy. Deb­ýu­tant­la­ryň 2-si Uels bi­len Is­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji tap­gyr­da-da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy.

IL­KIN­JI GE­ZEK
Il­kin­ji sa­par 2-nji tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şa­ran Pol­şa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­tar­dy. Ýakub Blaş­şi­kows­ki bi­len öňe saý­la­nan pol­ýak­la­ryň to­run­dan ha­sa­by deň­län go­ly, owa­dan, üs­taş­yr ur­gy bi­len Her­dan Şa­ki­ri ge­çir­di. Goş­ma­ça wagt­da-da üýt­gän zat bol­man­soň, çär­ýek fi­nal­çy­ny 11 metr­lik ur­gu­la­ry bel­le­di. 2 to­par şol du­şu­şy­ga çen­li 10 ge­zek du­şu­şyp­dy. Şweý­sar­lar şo­la­ryň di­ňe 1-in­de gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çy­kyp, ony-da mun­dan 40 ýyl ozal ba­şa­ryp­dy­lar. 5 oýun­da utu­lan şweý­sar­lar ýe­ne-de ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di we pe­nal­ti­ler­de 5–4 ha­sa­byn­da ne­ti­je­li çy­kyş eden pol­ýak­lar ilkinji sapar çär­ýek fi­na­la çyk­dy.

DEB­ÝU­TANT­LA­RYŇ DE­RBI­SIN­DE UELS ÝE­ŇIŞ GA­ZAN­DY
Bri­tan ada­sy­nyň 2 we­ki­li, ýa­ry­şyň tä­ze to­par­la­ry Uels bi­len De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky oý­nuň ýe­ňi­ji­si­ni ýe­ke­je gol kes­git­le­di. Ony-da 75-nji mi­nut­da Ga­ret Beý­liň je­ri­me meý­dan­ça­sy­na ge­çi­ren pök­gü­si­ni ýal­ňyş­lyk bi­len at­da­şy Ga­ret Ma­kAu­li der­we­zä gi­riz­di. Uels il­kin­ji ge­zek gat­na­şan ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­nal­da Bel­gi­ýa­nyň gar­şy­da­şy bol­dy.

YZ­LY-YZY­NA 6-NJY GE­ZEK ÇÄR­ÝEK FI­NAL­DA
To­par­ça­da soň­ky 2 ýa­ry­şyň çem­pio­ny Is­pa­ni­ýa­ny ýe­ňip, bäs­le­şik­de iň bol­man­da çär­ýek­dir ýa­rym fi­na­la ge­ler diý­len Hor­wa­ti­ýa bi­len to­par­ça­da­ky 3 oý­nu­ny-da deň­lik­de ta­mam­lan Por­tu­ga­li­ýa du­şuş­dy. Oýun ga­ra­şy­ly­şyn­dan pes­räk ýag­daý­da geç­di. 90 mi­nu­tyň do­wa­myn­da gol ge­çi­ren bol­ma­dy. Du­şu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 mi­nut ga­lan­da, has ta­ky­gy 117-nji mi­nut­da oý­na soň­dan go­şu­lan Ri­kar­do Kua­rež­ma ha­sa­by aç­dy. Ro­nal­do­nyň uran to­pu­ny der­we­ze­çi do­ly gaý­ta­ryp bil­me­di we ony-da Kua­rež­ma kel­le­si bi­len der­we­zä gi­riz­mek kyn düş­me­di. Şun­luk­da, 7-nji sa­par Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da oý­na­ýan Por­tu­ga­li­ýa bas­syr 6-njy, umu­my­lyk­da 7-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Por­tu­ga­li­ýa yz­ly-yzy­na 6-njy sa­par çär­ýek fi­nal­da oý­nan il­kin­ji to­par bol­dy. Umu­man ala­nyň­da, Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy gat­na­şan äh­li ýa­ry­şyn­da-da çär­ýek fi­na­lyň pe­te­gi­ni al­ma­gy ba­şar­dy.

ÝER EÝE­LE­RI ÝAL­ŇYŞ­MA­DY
Ýer eýe­si Fran­si­ýa bi­len Ir­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky iň ýat­da ga­lan oýun 2010-njy ýyl­da Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de oý­na­lan pleý-off du­şu­şy­gy bo­lup­dy. Şon­da Fran­si­ýa 1-nji oýun­da myh­man­çy­lyk­da 1–0 ha­sa­byn­da utup­dy. Jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da esa­sy wagt­da ir­land­lar şol ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Goş­ma­ça wagt­da, has ta­ky­gy 103-nji mi­nut­da meýdançanyň da­şy­na bar­ýan pök­gi­ni Ti­er­ri An­ri eli bi­len sak­lap, ony Gal­la­sa ge­çi­rip­di. Gal­las hem ha­sa­by deň­läp­di we Fran­si­ýa GAR–2010-a ýol­lan­ma alyp­dy. Bu ge­zek­ki du­şu­şyk­da eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Ni­ko­la Riz­zo­li­niň bel­län pe­nal­ti ur­gu­sy­ny ir­lan­di­ýa­ly Bre­di dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ha­sa­by aç­dy. Oý­nuň 58-nji we 61-nji mi­nut­la­ryn­da An­tu­an Griz­mann 2 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, ýer eýe­le­ri­ni öňe saý­la­dy. 66-njy mi­nut­da bir oýun­çy­sy gy­zyl pe­tek alan Ir­lan­di­ýa­nyň soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­mek üçin eden ta­gal­la­sy öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­me­di we Fran­si­ýa çär­ýek fi­na­la çyk­dy.

GERMANIÝA ÜÇIN KYN BOL­MA­DY
Mun­dan bir aý öň, Augs­burg (Ger­ma­ni­ýa) şä­he­rin­de oý­na­lan Ger­ma­ni­ýa bi­len Slo­wa­ki­ýa­nyň ara­syn­da­ky ýol­daş­lyk du­şu­şy­gyn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da myh­man­lar 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu gün­ki gün we­lin, olar Euro–2016-nyň 1/8 fi­na­lyn­da güýç sy­na­nyş­ma­ly bol­dy. Bu sa­par Ýew­ro­pa­nyň 3 ge­zek çem­pio­ny, Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň soň­ky eýe­si Ger­ma­ni­ýa çyn­la­kaý çe­me­leş­di we gar­şy­da­şy­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ne­mes­le­riň gol­la­ry­ny mil­li kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ge­zek ta­pa­wut­la­nan Že­rom Boa­teng, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 5-e ýe­ti­rip, Klins­mann bi­len deň­le­şen Ma­rio Go­mez hem-de ýaş ýyl­dyz Ju­li­an Draks­ler der­we­zä gi­riz­di. 13-nji mi­nut­da bel­le­nen 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Me­sut Özil ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Şun­luk­da, Germaniýa 12-nji sa­par gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da 7-nji ge­zek çär­ýek fi­nal pe­te­gi­ni al­dy.

ULY TA­PA­WUT­LY ÝE­ŇIŞ
44 ýyl­dan soň, Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na 3-nji sa­par gat­na­şan Weng­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy to­par­ça­da diý­seň şow­ly ne­ti­je­ler ga­zan­dy. Ýö­ne to­par­ça­da 1-nji ýe­ri eýe­län wen­ger­le­riň 2-nji tap­gyr­da­ky gar­şy­da­şy ýa­ry­şyň fa­wo­rit­le­ri­niň ara­syn­da gör­ke­zil­ýän Bel­gi­ýa bol­dy. Ha­ta­ry ýyl­dyz­dan do­ly Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy wen­ger­le­ri bir dem­de ge­çip, 16 ýyl­dan soň, gat­na­şan bäs­le­şi­gin­de çär­ýek fi­nal­çy bol­dy. Şu çem­pio­na­tyň iň uly ta­pa­wut­ly ýeň­şi­ni ga­za­nan Bel­gi­ýa­nyň gol­la­ry­ny Al­der­wei­reld, Bat­şua­ýi, Ha­zard hem-de Kar­ras­ko der­we­zä gi­riz­di.

SOŇKY FI­NAL­ÇY ÇEM­PIO­NY ÝA­RYŞ­DAN ÇY­KAR­DY
2012-nji ýyl­da­ky ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da du­şu­şan Is­pa­ni­ýa bi­len Ita­li­ýa­nyň 2-nji tap­gyr­da ga­bat­laş­ma­gy ir­ki fi­nal diý­lip bel­len­di. 2 to­par mun­dan öň­ki öza­ra ge­çi­ren 34 du­şu­şy­gyn­da her­si 10 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp­dyr. Soň­ky 5 oýun­dan bä­ri-de Ita­li­ýa Is­pa­ni­ýa­ny ýe­ňip bile­nok­dy. Ýö­ne bu sa­par öz­bo­luş­ly oýun tak­ti­ka­sy bi­len (3–5–2) ýa­ry­şa gat­naş­ýan Ita­li­ýa is­pan­la­ryň şol meş­hur oý­nu­ny oý­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­me­di. Ne­ti­je­de, An­to­nio Kon­tä­niň şä­girt­le­ri Ki­el­li­ni­niň 33-nji hem-de Pel­lä­niň 90+1-nji mi­nut­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si Is­pa­ni­ýa bas­syr 3-nji ýo­la-da ku­bo­gy alyp, mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­mak­çy­dy. Ýö­ne olar 2014-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­na-da çem­pi­on hök­mün­de gat­na­şyp­dy we to­par­ça­da­nam çy­kyp bil­män, do­lan­ma­ly bo­lup­dy. Bas­syr 2-nji ýo­la is­pan­lar çem­pi­on bo­lup ge­len ýa­ry­şy­ny wag­tyn­dan ju­da ir terk et­me­li bol­dy.

IS­LAN­DI­ÝA­NYŇ GA­RA­ŞYL­MA­DYK TARYHY ÜS­TÜN­LI­GI
Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň deb­ýu­tan­tla­ryn­dan, çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da çy­kyş eden iň az ilat­ly ýurt bo­lan Is­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ang­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Iň soň­ky sa­par 2006-njy ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gyn­da pleý-off tap­gy­ry­ny ge­çen iň­lis­ler şon­dan bä­ri to­par­ça­dan çyk­sa­la­ram, so­ňu­ny ge­ti­rip bil­me­ýär­­ler. Fut­bo­lyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan bu ýur­duň as­lyn­da, dün­ýä bel­li ýyl­dyz­la­ry-da bar, ýö­ne 1966-njy ýyl­dan bä­ri we­lin, ola­ra ku­bok gal­dyr­mak en­tek­ler-ä ba­şar­da­nok. Bu sa­par hem şeý­le bol­dy. Ýagny ýene-de çär­ýek fi­na­la ga­lyp bil­mediler­. Angliýanyň güýç­li toparlaryň birinden däl-de, Is­lan­di­ýadan utu­lmagy jan­kö­ýer­le­ri­ has gy­nan­dyr­ýan esasy zat bolup durýar. Oýun ba­ra­da aýt­sak, 4-nji mi­nut­da Weýn Ru­ni pe­nal­ti­den ha­sa­by aç­dy. Ýurt­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lan şwe­si­ýa­ly tä­lim­çi La­ger­be­giň şä­girt­le­ri­niň jo­ga­by gi­jik­me­di. 2 mi­nut soň, R. Si­gurdd­son ha­sa­by deň­län bol­sa, 18-nji mi­nut­da-da Sig­tors­son de­mir­ga­zyk­ly­la­ry öňe saý­la­dy. Şon­dan soň, tä­lim­çi Hodj­so­nyň to­pa­ry ha­sa­by deň­le­jek bo­lup, el­de ba­ry­ny gaý­gyr­man hü­jüm et­di­. Em­ma bol­ma­dy. Ne­ti­je­de, il­kin­ji ge­zek gat­na­şan Is­lan­di­ýanyň çempionatdaky ýö­rişi do­wam ed­ýär. Ola­ryň ni­rä çen­li ba­ryp ýet­jek­dik­le­ri­ni wagt gör­ke­zer. Jan­kö­ýer­le­ri bi­le­nem hem­mä­niň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan Is­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň in­di­ki tap­gyr­da gar­şy­da­şy ýer eýe­si Fran­si­ýa bo­lup, oýun er­tir ýa­ry­gi­je 12:00-da oý­na­lar.

Dör­düň bi­ri Por­tu­ga­li­ýa
Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji oý­ny oý­na­lyp, Pol­şa bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky bu du­şu­şyk uly dar­tgy­na eýe bol­dy. Eý­ýäm 100-nji se­kunt­da ha­sap açyl­dy. Has ta­ky­gy 2-nji mi­nut­da (1 mi­nut 40 se­kunt) der­we­zä ur­lan bu go­ly 7 oýun­dan bä­ri ta­pa­wut­la­nyp bil­me­ýän Ro­bert Le­wan­dows­ki öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, ol Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň çalt der­we­zä ur­lan 2-nji go­luň aw­to­ry bol­dy. Bu ugur­da rus­si­ýa­ly Dmit­riý Ki­ri­çen­ko 1-nji ha­tar­da bar­ýar. Ol 2004-nji ýyl­da Gre­si­ýa bi­len bo­lan du­şu­şyk­da eý­ýäm 1,07 mi­nut­da ha­sa­by açyp­dy. Pol­şa­nyň der­we­ze­sin­den ha­sa­by deň­län go­ly 33-nji mi­nut­da ge­le­je­giň ýyl­dy­zy diý­lip gör­ke­zil­ýän Re­na­to San­çes ge­çir­di. Ol bolsa, çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da ta­pa­wut­la­nan iň ýaş 3-nji fut­bol­çy di­ýen ady eýe­le­di. Oý­nuň 90 mi­nu­tyn­da, hat­da goş­ma­ça ber­len 30 mi­nut­da-da öňe saý­la­nan bol­ma­dy. Portugaliýa Ýewropa çempionatlaryndan bassyr 6 oýundan bäri esasy wagtda ýeňiş gazanyp bilenok, ýöne ýeňlenogam. 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­la­ryn­da por­tu­gal­lar 5–3 ha­sa­byn­da üs­tün­lik ga­za­nyp, il­kin­ji ýa­rym fi­nal­çy bol­dy. Olar ta­ryh­da 5-nji sa­par ýa­rym fi­nal­da çy­kyş eder.

Ita­li­ýa üçin ýe­ne bir fi­nal
Şu gün­ki ýa­rym fi­nal­da fut­bol dün­ýä­si­niň 2 ägir­di, Dün­ýä­niň 4 sa­par çem­pio­ny bo­lan 2 to­par – Ger­ma­ni­ýa bi­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Ita­li­ýa Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da Ger­ma­ni­ýa bi­len oý­nan 8 du­şu­şy­gy­nyň hiç bi­rin­de-de utul­ma­dy (4 ýe­ňiş, 4 deň­lik). Şol san­da Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň çäk­le­rin­de-de Ger­ma­ni­ýa­dan utul­ma­dyk ital­ýan­lar soňky sapar 2012-nji ýyl­da gar­şy­da­şy­ny ýa­rym fi­nal­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. Beý­le­ki bir ta­rap­da­nam 12-nji ge­zek gat­naş­ýan Ger­ma­ni­ýa di­ňe 3 sa­par to­par­ça­dan çy­kyp bil­me­di. Mun­dan öň­ki to­par­ça­dan çy­kan äh­li Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da-da ýa­rym fi­nal­da oýnamaga hukuk gazandy. Olar 3 ge­zek çem­pi­on bo­lup, 3 sa­pa­ram fi­nal­da utul­dy­lar. 2 ge­ze­gem 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ita­li­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa hä­zi­re çen­li 33 du­şu­şyk ge­çi­rip, şo­la­ryň 15-sin­de ital­ýan­lar, 8-in­de ne­mes­ler ýe­ňiş ga­zan­dy (10 deň­lik). Gol­lar­da 49–40 Ita­li­ýa öň­de. Şu ýy­lyň mart aýy­nyň aýa­gy­nda oý­na­lan ýol­daş­lyk du­şu­şy­gyn­da Ger­ma­ni­ýa gar­şy­da­şy­ny 4–1 ha­sa­byn­da utup­dy. Bu ola­ryň 1995-nji ýyl­dan soň, Ita­li­ýa­ny ýe­ňen il­kin­ji du­şu­şygy bol­dy. Ga­raz, ha­sa­bat­la­ryň (sta­tis­ti­ka­la­ryň) öz­bo­luş­ly gö­re­şi diý­lip gör­ke­zil­ýän bu oýun­da haý­sy ýy­gyn­dy­nyň ýe­ňiş ga­zan­jak­dy­gy hem­mä­niň üns mer­ke­zin­de. Is­pa­ni­ýa­dan soň, Ger­ma­ni­ýa bi­le­nem fi­na­la ba­ra­bar oýun­da oý­na­jak ital­ýan­lar­da Tia­go Mot­ta sa­ry pe­te­gi se­bäp­li oý­nap bil­mez. De Ros­si­niň-de oý­na­maz­ly­gy müm­kin. Şu gün gije 12:00-da başlanjak oýun­da weng­ri­ýa­ly Wik­tor Kaş­şai jür­le­wük ça­lar.