Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 2-nji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy bo­lan “Fran­si­ýa Açyk­da” er­kek­le­riň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­dal 12-nji, ze­nan­lar­dan awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti 1-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Umu­my pul gaz­na­sy 43 mil­li­on 661 müň ýew­ro bo­lan ýa­ryş­da ýe­ke­lik­de ýe­ňiş ga­za­nan ten­nis­çi­le­re aý­ra­tyn­lyk­da 2,3 mil­li­on ýew­ro be­ril­di.
Ra­fa­el Na­dal fi­nal­da awst­ri­ýa­ly Do­mi­nik Tim bi­len du­şuş­dy. 1-nji set­de Na­dal 6:3 ýe­ňiş ga­zan­dy. 2-nji set­de taý-brek­den soň 7:5 öňe saý­la­nan Tim umu­my ha­sa­by deň­le­di. 3-4-nji set­ler­de top­rak kor­tuň ägir­di ýe­ne bir ýo­la özü­niň us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zip, 6:1 ha­sap­lar bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, 3:1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden Na­dal “Ro­lan Gar­ros” ku­bo­gy­ny bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 12-nji ge­zek ýo­ka­ry gö­ter­di. Iki ten­nis­çi ge­çen ýy­lyň fi­na­lyn­da-da du­şu­şyp­dy we Na­dal 3:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, Ra­fa­el Na­dal bir “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan ten­nis­çi di­ýen adyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Ol bu ady mun­dan ozal, “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 11 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan ýer­li ze­nan ten­nis­çi Mar­ga­ret Kort bi­len paý­laş­ýar­dy. Bu ýeň­şin­den soň, Na­dal “Uly tu­wul­ga” ku­bok­la­ry bo­ýun­ça 20 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Ro­jer Fe­de­re­re ýe­ne bir ädim go­laý­la­dy. 33 ýa­şyn­da­ky Na­dal “Fran­si­ýa Açyk­da” 12 (2005, 2006, 2007, 2008, 2010, 2011, 2012, 2013, 2014, 2017, 2018, 2019), “Ame­ri­ka Açyk­da” 3 (2010, 2013, 2017) “Wimb­le­don­da” 2 (2008, 2010), “Awst­ra­li­ýa Açyk­da-da” 1 (2009) ge­zek çem­pi­on bol­dy. Na­dal “Ro­lan Gar­ros­da” il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny 2005-nji ýyl­da ga­za­nyp, şon­dan bä­ri di­ňe 3 ge­zek (2009, 2015, 2016) çem­pi­on bo­lup bil­me­di. Şol 3 ýyl­da-da şi­ke­si onuň ýa­ry­şy finaldan öň ta­mam­la­ma­gy­na se­bäp bo­lup­dy. Şol bir wag­tyň özün­de-de şol şi­kes­ler Ro­jer Fe­de­rer bi­len No­wak Jo­ko­wiç ýa­ly ägirt­le­re kar­ýe­ra­la­ryn­da 1 ge­zek “Fran­si­ýa Açyk­da” ýe­ňi­ji bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni dö­ret­di. Ýog­sam Na­dal şol ýyl­lar­da-da ku­bo­gy alan bol­sa, on­da beý­le­ki 3 “Uly tu­wul­ga­lar­da” en­çe­me sa­par çem­pi­on bo­lan Fe­de­rer bi­len Jo­ko­wiç belki-de “Kar­ýe­ra Uly tu­wul­ga” de­re­je­si­ne ýe­tip bil­mez­ler­di.
BIRINJI “ULY TUWULGASY”
Ze­nan­la­ryň ara­syn­daky fi­nal­da awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti bi­len çe­hi­ýa­ly Mar­ke­ta Wond­rou­şo­wa du­şuş­dy. Iki ten­nis­çi-de “Uly tu­wul­ga­da” il­kin­ji gezek fi­nal­da çy­kyş et­di. Has tej­ri­be­li bo­lan Bar­ti 28 mi­nut­lap do­wam eden 1-nji set­de 6:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 23 ýa­şyn­da­ky Bar­ti 2-nji set­de-de ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zip, 6:3 ha­sa­byn­da 19 ýaş­ly gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Ne­ti­je­de, 2:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Bar­ti il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol soň­ky 8 ýyl­da “Uly tu­wul­ga­da” ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji awst­ra­li­ýa­ly ze­nan ten­nis­çi bol­dy.
Jü­büt­le­ýin ýa­ryş­lar­da er­kek­le­riň ara­syn­da ger­ma­ni­ýa­ly ten­nis­çi­ler Ke­win Kra­wietz bi­len And­re­as Mi­es ýe­ňi­ji bol­dy. Olar 1972-nji ýyl­dan bä­ri er­kek­le­riň ara­syn­da jü­büt­le­ýin ýa­ryş­da bir döw­let­den ýe­ňi­ji bo­lan il­kin­ji ten­nis­çi­ler hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky jü­büt­le­ýin bäs­le­şik­de weng­ri­ýa­ly Ti­mea Ba­boş bi­len fran­si­ýa­ly Kris­ti­na Mla­de­no­wiç, ga­ry­şyk jü­büt­ler­de-de Hy­taý Taý­pe­ýin­den La­ti­şa Çen bi­len ho­rwa­ti­ýa­ly Iwan Do­dig ýe­ňiş ga­zan­dy.