Türkmenistanyň futbol çempionatynda 13-nji tapgyrda 3 duşuşyk geçirildi. Iki hepdelik arakesmeden soň oýnalan bu oýunlarda sanawyň öňdebaryjysy “Şagadam” ynamly ýeňiş gazandy. Hazarýaka şäheriniň topary öz meýdançasynda Marynyň “Energetik” toparyndan 4–1 üstün çykdy. Her ýarymda 2 gol geçiren ýer eýeleriniň adyndan Serdaraly Ataýew (2), Daýanç Orazgulyýew (22), Yhlas Magtymow (62) hem-de Kerim Hojaberdiýew (86) tapawutlandy. “Energetigiň” ýeke-täk pökgüsini bolsa, 75-nji minutda Pirmyrat Gazakow derwezä girizdi. “Altyn asyr” bolsa, myhmançylykda “Köpetdagy” Altymyrat Annadurdyýewiň 50-nji minutdaky goly bilen 1–0 hasabynda ýeňdi. “Aşgabat” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky oýun çekeleşikli bolup, myhmanlar tejribeli hüjümçi Mämmedaly Karadanowyň 56-njy minutdaky goly bilen hasaby açsalaram, olara üstünligi saklamak başartmady. 59-njy hem-de 89-njy minutlarda tapawutlanan Orazberdi Myradow paýtagtlylara ýeňiş getiren oýunçy boldy (2–1). “Merw” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk 18-nji iýuna geçirildi.