For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň no­bat­da­ky bäs­le­şi­gi Ka­na­da­nyň Mon­re­al şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Je­del­li ýag­daý­da ta­mam­la­nan ýa­ry­şa “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ne­mes pi­lo­ty Se­bas­ti­an Wet­tel il­kin­ji ha­tar­dan baş­la­dy. Ol 70 aý­la­wy 1 sa­gat 29 mi­nut 05,742 se­kunt­da ta­mam­lap, 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýö­ne ýa­ry­şyň emin­le­ri oňa 5 se­kunt­lyk je­ri­me ber­di. Je­ri­mä­niň 48-nji aý­law­da ýo­luň da­şy­na çy­kan Wet­te­liň tä­ze­den tras­sa do­la­nan ma­ha­lyn­da, Ha­mil­to­nyň öňü­ni ýa­pa­ndy­gy üçin ber­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Bu je­ri­me­den soň, Wet­tel 2-nji or­na düş­di. Ýa­ry­şda 1 sa­gat 29 mi­nut 07,084 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan ge­çen iň­lis sü­rü­ji­si Lýu­wis Ha­mil­ton (“Mercedes”) 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 5-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 78-nji ýeň­şi diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Ýe­ňiş mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na bol­sa, “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň fran­suz pi­lo­ty Şarl Lek­ler çyk­dy.
Ge­çi­ri­len 7 ýa­ryş­dan soň, bas­syr 3-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, utuk sa­ny­ny 163-e ýe­ti­ren Ha­mil­ton 1-nji ha­tar­da bar­ýar. Ka­na­da “Gran Pri­si­ni” 4-nji ha­tar­da ta­mam­lan to­par­da­şy, fin sü­rü­ji­si Walt­te­ri Bot­tas 133 utuk bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Bu ýa­ryş­da ýeň­şiň bo­sa­ga­syn­dan gaý­dan Wet­te­liň 100 utu­gy bo­lup, 3-nji orun­da bäs­le­şi­gi do­wam et­dir­ýär. Möw­sü­miň 8-nji ýa­ry­şy 23-nji iýun­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­ler.