13 OÝUNDAN BÄRI ÝEŇILMÄN GELÝÄR
“A” to­par­ça­da çeh­ler il­ki Pat­rik Şi­kiň 2 go­ly bi­len Bol­ga­ri­ýa­ny 2–1, soň­ra bol­sa, Ga­ra­da­gy 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ga­ra­dag bi­len 1–1 deň­me-deň oý­nan Ko­so­wo myh­man­çy­lyk­da Bol­ga­ri­ýa­ny 3–2 ýeň­di. 2018-nji ýyl­da­ky oýun­la­ryn­da ýe­ňil­me­dik Ko­so­wo­nyň ýy­gyn­dy­sy umu­my­lyk­da 13 du­şu­şyk­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär. Iň­lis­ler Mil­let­ler li­ga­sy­na gat­na­şan­dy­gy üçin bu tap­gyr­lar­da du­şu­şyk ge­çir­me­di. “B” to­par­ça­da And­reý Şew­çen­ko­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Uk­rai­na ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­ýär. Sy­gan­kow we Ko­nopl­ýan­ka­nyň her­si­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da Ser­bi­ýa­ny 5–0, Lýuk­sem­bur­gy-da Ýa­rem­çu­gyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýe­ňen uk­rain­ler 10 utuk top­lap, to­par­ça­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar. Por­tu­ga­li­ýa bu 2 tap­gyr­da çy­kyş et­me­di.

IKI OÝUNDA 10 GOL
“C” to­par­ça­da 2 oýun­da 10 gol ge­çi­ren Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Be­la­ru­sy Sa­ne we Roý­suň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­di. Olar 2-nji du­şu­şy­gyn­da es­ton­la­ryň to­run­dan jo­gap­syz 8 pök­gi gi­riz­di. Oýunda nemesleriň geçiren 3–4 go­ly-da of­saýt diý­lip ha­sa­ba alyn­ma­dy. Du­şu­şyk­da Roýs bi­len Gnab­ri 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. To­par­ça­da D. Ir­lan­di­ýa hem 3–4-nji tap­gyr­la­ry ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Olar Es­to­ni­ýa­ny 2–1, Be­la­ru­sy-da 1–0 ha­sap­lar bi­len ut­dy. Mil­let­ler li­ga­syn­da çy­kyş eden gol­land­lar bu 2 tap­gy­ry boş ge­çir­me­li bol­dy. “D” to­par­ça­da Da­ni­ýa bi­len Ir­lan­di­ýa bu 2 tap­gyr­da 4 utuk ga­zan­dy. Öza­ra oýun­da 1–1 deň­me-deň oý­nan to­par­la­ryň bi­rin­ji­si Gru­zi­ýa­ny 5–1, Bri­tan ada­sy­nyň we­ki­li bol­sa, Gib­ral­ta­ry 2–0 ýeň­di. Şweý­sar­lar Mil­let­ler li­ga­syn­da­ky oýun­la­ry se­bäp­li du­şu­şyk ge­çir­me­di. “E” to­par­ça­da Weng­ri­ýa Azer­baý­jan­dan 3–1, Uels­den hem 1–0 üs­tün çyk­dy. Slo­wa­ki­ýa Ham­şi­giň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da Azer­baý­ja­ny 5–1, Hor­wa­ti­ýa bol­sa Uel­si 2–1 ýeň­di. “F” to­par­ça­da il­ki Fa­rer ada­la­ry­ny 4–1 ýe­ňen is­pan­la­ra şwed­ler­den hem üs­tün çyk­mak o di­ýen kyn düş­me­di. Her oýun­da 1 gol ge­çi­ren Ser­hio Ra­mos Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da iň köp ýe­ňiş ga­za­nan fut­bol­çy bol­ma­gy ba­şar­dy. “G” to­par­ça­da Pol­şa säw­lik­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­ýär. De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­ny Kşiş­tof Pýon­te­giň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňen pol­ýak­lar Ys­ra­ýy­ly 4–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Bu oýun­da-da Pýon­tek ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. To­par­ça­da­ky oýun­la­ry­na şow­suz baş­lan Awst­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Slo­we­ni­ýa­ny 1–0, D. Ma­ke­do­ni­ýa­ny 4–1 ýeň­di. 2-nji du­şu­şyk­da Ar­nau­to­wiç 2 gol ge­çir­di.

MBAPPENIŇ 100-nji GOLY
“H” to­par­ça­da Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy Dün­ýä çem­pio­ny Fran­si­ýa­ny Aý­han we Ün­de­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­di. Türk­ler 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Is­lan­di­ýa­dan 2–1 as­gyn gel­di. Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da An­dor­ra­dan 4–0 üs­tün çyk­dy. Oýun­da fran­suz­la­ryň 1-nji go­lu­ny ge­çi­ren Ki­lian Mbap­pe kar­ýe­ra­syn­da­ky 100-nji pök­gü­si­ni der­we­zä gi­riz­di. To­par­ça­da 3 to­par Fran­si­ýa, Tür­ki­ýe hem-de Is­lan­di­ýa 9 utuk bi­len öň­dä­ki orun­la­ry paý­laş­ýar­lar.

RUSSIÝA—SAN MARINO: 9–0
“I” to­par­ça­da tap­gy­ryň iň uly ara­ta­pa­wut­ly ýeň­şi ha­sa­ba alyn­dy. Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy San Ma­ri­no­ny 9–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gol­la­ryň 4-si­ni Art­ýum Dzýu­ba, 2-si­ni Fýo­dor Smo­low der­we­zä gi­riz­di. Rus­lar 2-nji du­şu­şy­gyn­da Kip­riň mil­li to­pa­ry­ny Io­no­wyň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Ýeň­liş­siz bar­ýan Bel­gi­ýa il­ki Ga­za­gys­ta­ny, soň­ra-da Şot­lan­di­ýa­ny 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. To­pa­ryň ez­ber hü­jüm­çi­si Ro­me­lu Lu­ka­ku 1-nji oýun­da 1, 2-nji oýun­da-da 2 gol ge­çir­di. “J” to­par­ça­da ital­ýan­lar ynam­ly bar­ýar. Gre­si­ýa­ny myh­man­çy­lyk­da Ba­rel­la, In­sin­ýe hem-de Bo­nuç­çi­niň 10 mi­nut­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Olar 2-nji du­şu­şy­gyn­da Bos­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny ka­bul edip, kyn­lyk bi­len hem bol­sa, ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. Je­ko bi­len öňe saý­la­nan myh­man­lar In­sin­ýe we Wer­rat­ti­niň gol­la­ry­na çä­re ta­pyp bil­me­di. Finl­ýan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy il­ki Bos­ni­ýa­dan, soň­ra bol­sa, Lih­tenş­teýn­den 2–0 üs­tün çyk­dy. Er­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hem 6 utuk ga­za­nyp, olar Lih­tenş­teý­ni 3–0 ýe­ňe­nin­den soň, myh­man­çy­lyk­da Gre­si­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny 3–2 ut­dy.
TO­PAR­ÇA­LAR­DA­KY 3–4-nji DU­ŞU­ŞYK­LA­RYŇ NE­TI­JE­LE­RI:
“A”: Çe­hi­ýa–Bol­ga­ri­ýa: 2–1, Ga­ra­dag–Ko­so­wo: 1–1; Bol­ga­ri­ýa–Ko­so­wo: 2–3, Çe­hi­ýa–Ga­ra­dag: 3–0
“B”: Lit­wa–Lýuk­sem­burg: 1–1, Uk­rai­na–Ser­bi­ýa: 5–0; Ser­bi­ýa–Lit­wa: 4–1, Uk­rai­na–Lýuk­sem­burg: 1–0
“C”: Es­to­ni­ýa–D.Ir­lan­di­ýa: 1–2, Be­la­rus–Ger­ma­ni­ýa: 0–2; Ger­ma­ni­ýa–Es­to­ni­ýa: 8–0, Be­la­rus–D.Ir­lan­di­ýa: 0–1
“D”: Gru­zi­ýa–Gib­ral­tar: 3–0, Da­ni­ýa–Ir­lan­di­ýa: 1–1, Da­ni­ýa–Gru­zi­ýa: 5–1, Ir­lan­di­ýa–Gib­ral­tar: 2–0
“E”: Hor­wa­ti­ýa–Uels: 2–1, Azer­baý­jan–Weng­ri­ýa: 1–3; Azer­baý­jan–Slo­wa­ki­ýa: 1–5, Weng­ri­ýa–Uels: 1–0
“F”: Fa­rer ada­la­ry–Is­pa­ni­ýa: 1–4, Nor­we­gi­ýa–Ru­my­ni­ýa: 2–2, Şwe­si­ýa–Mal­ta: 3–0; Fa­re­r ada­la­ry–Nor­we­gi­ýa: 0–4, Mal­ta–Ru­my­ni­ýa: 0–4, Is­pa­ni­ýa–Şwe­si­ýa: 3–0
G”: Awst­ri­ýa–Slo­we­ni­ýa: 1–0, D. Ma­ke­do­ni­ýa–Pol­şa: 0–1, Lat­wi­ýa–Ys­ra­ýyl: 0–3; D. Ma­ke­do­ni­ýa–Awst­ri­ýa: 1–4, Lat­wi­ýa–Slo­we­ni­ýa: 0–5, Pol­şa–Ys­ra­ýyl: 4–0
“H”: Tür­ki­ýe–Fran­si­ýa: 2–0, Is­lan­di­ýa–Al­ba­ni­ýa: 1–0, Mol­do­wa–An­dor­ra: 1–0; Is­lan­di­ýa–Tür­ki­ýe: 2–1, An­dor­ra–Fran­si­ýa: 0–4, Al­ba­ni­ýa–Mol­do­wa: 2–0
“I”: Rus­si­ýa–San Ma­ri­no: 9–0, Bel­gi­ýa–Ga­za­gys­tan: 3–0, Şot­lan­di­ýa–Kipr: 2–1; Ga­za­gys­tan–San Ma­ri­no: 4–0, Bel­gi­ýa–Şot­lan­di­ýa: 3–0, Rus­si­ýa–Kipr: 1–0
“J”: Gre­si­ýa–Ita­li­ýa: 0–3, Finl­ýan­di­ýa–Bos­ni­ýa: 2–0, Er­me­nis­tan–Lih­tenş­teýn: 3-0; Ita­li­ýa–Bos­ni­ýa: 2-1, Gre­si­ýa–Er­me­nis­tan: 2–3, Lih­tenş­teýn–Finl­ýan­di­ýa: 0–2