Ita­li­ýa­nyň “Ro­ma” to­pa­ry tä­lim­çi­li­ge por­tu­ga­li­ýa­ly hü­när­men Pau­lo Fon­se­ka­ny bel­le­di. 46 ýaş­ly tä­lim­çi ital­ýan to­pa­ry bi­len 2+1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 3 ýyl­dan bä­ri “Şaht­ýor Do­nes­ke” tä­lim be­rip gel­ýän Fon­se­ka uk­ra­in to­pa­ry­na 3 çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­dy. “Şaht­ýor” bi­len Uk­rai­na­nyň Ku­bo­gy­ny-da 3 ge­zek eýe­län Fon­se­ka on­dan ozal, “Pa­kos Fer­rei­ra”, “Bra­ga” hem-de “Por­to” to­par­la­ryn­da tä­lim­çi bo­lup­dy. “Şaht­ýor” to­pa­ry Fon­se­ka­nyň or­nu­na baş­ga bir por­tu­gal hü­när­me­ni, 57 ýaş­ly Lu­is Kast­ro­ny tä­lim­çi­li­ge bel­le­di. Do­nesk­li­ler tä­ze tä­lim­çi­le­ri bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Kast­ro mun­dan öň öz ýur­du­nyň “Pe­na­fi­el”, “Por­tu”, “Rio Awe”, “Şa­wiş”, “Wi­to­ri­ýa” to­par­la­ry­na tä­lim be­rip­di.
Şe­nol Gü­ne­şiň Tür­ki­ýä­niň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si bol­ma­gyn­dan soň, “Be­şik­taş” to­pa­ry onuň or­nu­na “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hi­riň” tä­lim­çi­si Ab­dul­lah Aw­jy­ny we­zi­pä bel­le­di. Ga­ra bür­güt­ler tej­ri­be­li tä­lim­çi bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir” to­pa­ry Aw­jy­nyň ýe­ri­ne Okan Bu­ru­gy tä­lim­çi­li­ge bel­le­di.