20-nji iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­ne ba­ryp, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň, hu­su­san-da, Aş­ga­ba­dyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de tä­ze iri möç­ber­li top­lu­myň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de öňü­miz­dä­ki hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra, şol san­da ýur­du­myz­da iri se­na­gat top­lu­my­nyň açy­ly­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Aş­ga­bat bar­ha gö­zel keş­be eýe bol­ýar, dür­li äh­mi­ýet­li iri mer­kez­le­re bes­len­ýär, şä­her­li­le­re iň döw­re­bap hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da amat­ly­ly­gy üp­jün ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da şä­her­de ta­ry­hy mer­kez­ler bi­len bir­lik­de, köp et­rap­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nil­di, tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, ýüz­ler­çe des­ga­lar gu­rul­dy, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da bi­na­gär­li­giň hem-de in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki pi­kir­le­riň tä­sin des­ga­la­ry hem az däl.
Mil­li Li­de­ri­mi­ze hä­kim­li­giň bi­na­syn­da gel­jek­ki gur­lu­şyk­la­ryň çyz­gy­la­ry, bi­na­gär­lik top­lum­la­ry­nyň bö­lek­le­ýin gör­nüş­le­ri hem-de ýol-ulag dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry şe­kil­len­di­ri­len uly göw­rüm­li tas­la­ma gör­ke­zil­di. Olar “şä­her için­de şä­her” ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça tas­la­ny­lan tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň nä­hi­li keşp­de bol­jak­dy­gy ba­ra­da aý­dyň dü­şün­je al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
200 bi­na­dan gow­rak bo­lan ägirt uly top­lu­my gur­ma­ga bö­lü­nip ber­len umu­my meý­dan 744 gek­ta­ra ba­ra­bar­dyr. Dür­li be­lent­lik­dä­ki – 12 gat­dan 35 ga­ta çen­li di­ňe ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 180 sa­ny­sy­ny gur­mak mak­sat edi­nil­ýär. Şo­lar­da­ky öý­le­riň sa­ny 17 müň 836 bo­lar. Umu­man, tu­tuş et­rap 107 müň­den gow­rak ila­ta ni­ýet­le­nen­dir. Ýa­kyn ýyl­lar­da Aş­ga­ba­dyň de­mir­ga­zy­gyn­da do­lan­dy­ryş bi­na­la­ry­nyň, hyz­mat ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýän tä­ze şä­her peý­da bo­lar.
Äh­li bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň bi­na­gär­lik tas­la­ma­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi, Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy.
Des­lap­dan “Aş­ga­bat-si­ti” ady­na eýe bo­lan tä­ze şä­he­riň hö­dür­le­nen tas­la­ma­syn­da et­rap hä­kim­li­gi­niň hem-de beý­le­ki döw­let eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry­nyň, 3 müň orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň 4-si­niň we kör­pe­le­riň 1200-si­ni ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­nen ça­ga­lar bag­la­ry­nyň hem 4-si­niň, şeý­le hem Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň we Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len saz­çy­lyk mek­de­bi­niň bi­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Dur­muş dü­züm­li des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, Sag­lyk öý­le­ri­niň iki­si, söw­da-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň iki­si, dü­kan­lar we gar­ba­nyş­ha­na­lar, sta­di­on hem-de sport top­lu­my, “Toý me­ka­ny” da­ba­ra­lar mer­ke­zi, köp­gat­ly aw­to­du­ral­ga­la­ryň dör­dü­si bar. Şeý­le hem bu ýer­de “Türk­men­ba­şy” we “Halk­bank” döw­let tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň şa­ham­ça­la­ry şä­he­riň ila­ty­na hyz­mat eder.
Ýa­şa­ýyş top­lu­my jaý­la­ryň se­kiz gör­nü­şi­ni öz içi­ne al­ýar: her bi­rin­de 150 öý bol­jak 15 gat­ly bi­na­la­ryň iki­si, her bi­ri 54 öý­li 12-15 gat­ly bi­na­la­ryň 42-si, her bi­ri 40 öý­li 20 gat­ly bi­na­la­ryň 12-si, 88 öý­li 21-23 gat­ly jaý­la­ryň 56-sy hem-de her bi­rin­de 88 öý bol­jak şeý­le gat­ly bi­na­la­ryň 36-sy, daş­ky keş­bi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan, her bi­rin­de 75 öý ýer­leş­jek 25 gat­ly jaý­la­ryň 16-sy, 140 öý­li 35 gat­ly bi­na­la­ryň 4-si hem-de her bi­rin­de 136 öý ýer­leş­jek 33-35 gat­ly bi­na­la­ryň 12-si bo­lar. Daş­ky keş­bi bo­ýun­ça jaý­la­ryň äh­li­si umu­my çöz­gü­de eýe­dir we öň ta­ra­py­nyň be­ze­gi, saz­la­şy­gy bi­len bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz des­ga­la­ryň äh­li­si­niň saz­la­şyk­ly ýer­leş­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, şä­her gur­şa­wy­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ul­ga­my­ny gu­ra­ma­gyň kä­mil­li­gi­niň paý­tag­ty­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­si bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ila­tyň iş­le­mä­ge, oka­ma­ga, dynç al­ma­ga, sport hem-de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga, döw­re­bap söw­da, dynç alyş we sa­gal­dyş hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýol­baş­çy­la­ra da­şa­ry ýurt­la­ryň iň go­wy tej­ri­be­si­ni iş­jeň öw­ren­me­gi, ösen ýurt­lar­da­ky şä­her ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni sel­jer­me­gi, te­bi­gy se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýän döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we se­riş­de­le­ri ulan­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri bar­ha gi­ňel­ýär. Tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek 30-35 gat­ly bi­na­lar gur­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şo­la­ryň seýs­mi­ki dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, ýol­baş­çy­la­ryň hem­me­si “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen ýö­rel­ge­den ugur al­ma­ly­dyr, adam­lar ha­kyn­da­ky ala­da­ny äh­li zat­dan ile­ri tut­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Soň­ra du­şu­şyk hä­kim­li­giň ki­çi mas­la­hat­lar za­lyn­da do­wam et­di­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň hem-de mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň, se­na­gat kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­ma­gyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­ler we önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat­lar be­ril­di. Ýa­kyn wagt­da önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň üs­ti Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup, te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýan­gyç ön­dür­ýän za­wod bi­len ýe­ti­ri­ler. Bu kär­ha­na­nyň işe gi­ri­zil­me­gi yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na iter­gi ber­er.
Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan oňyn bi­ta­rap­lyk, açyk­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na bol­jak iş sa­pa­ry­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy hem-de onuň iri se­bit­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz öň­de bol­jak hal­ka­ra çä­re­le­re, şol san­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na gu­ral­jak iş sa­pa­ry­na top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň äh­li dü­züm­le­ri­niň, şol san­da ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üns­den dü­şü­ril­me­li däl­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň we şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň de­giş­li de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýe­re ýyg­na­nan ýol­baş­çy­la­ra hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan jo­gap­kär­li işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.