Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň iri hem-de esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Du­baý şä­he­ri gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ra tä­ze ýe­ňil­lik­li hyz­ma­ty hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Şä­he­re gel­ýän äh­li da­şa­ry ýurt ja­han­keş­de­le­ri te­le­fon­da gür­leş­mek hem-de in­ter­net müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, 30 gün­lük mugt sim-kar­t bi­len üp­jün edi­ler. Bu ba­bat­da “Du­Te­lecom­mu­nications” te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ope­ra­to­ry bi­len “Smart Du­bai” eda­ra­sy­nyň ara­syn­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Bu sim=kart äh­li ja­han­keş­de­le­re Du­ba­ýyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň 3 ter­mi­na­lyn­da hem ber­ler.

Her sim-kart­da 3 mi­nut mugt gep­leş­mek we 20 me­ga­baýt in­ter­net müm­kin­çi­li­gi ber­ler. Hä­zir­ki wagt­da te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa eda­ra­sy sy­ýa­hat­çy­lar BAE-niň çä­gin­den gi­den­den soň­ra sim-kar­tyň aw­to­ma­ti­ki usul­da öçü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin iş alyp bar­ýar. Bu baş­lan­gyç Du­baý şä­he­ri­ne gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem-de myh­man­la­ryň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy ba­bat­da ýe­ne-de bir ýe­ňil­li­gi Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy hem dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. 2021-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­le­re elekt­ron wi­za ber­ler. Ol hem sy­ýa­hat­çy aky­my­nyň art­ma­gy­na ýar­dam eder. Bu ugur­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin ýur­duň ýol­baş­çy dü­zü­mi­ne ýe­ke-täk elekt­ron wi­za dö­re­dil­me­gi ba­bat­da tab­şy­ryk ber­di. Tä­ze wi­za gör­nü­şi bir ge­zek­lik bo­lup, 16 gün möh­le­t bilen berler. Da­şa­ry ýurt­ly syýahatçylar kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­na git­mek üçin wagt sarp et­me­li bol­maz­lar. Olar in­ter­net ar­ka­ly äh­li mag­lu­mat­la­ry­ny ibe­rip, Rus­si­ýa ge­lip bi­ler­ler. 2018-nji ýyl­da Rus­si­ýa 3 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gel­di. 2025-nji ýyl­da Rus­si­ýa Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sa­na­wyn­da iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Mylaýym ALIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.