Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Däne oragy möwsüminde zähmet üstünlikleri gaýnap joşýar. Ýurdumyzyň edermen gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazanyp, galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň – ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.
Bugdaý oragynda hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary ulanylýar. Hususan-da, oragyň gyzgalaňly döwründe meýdanlarda täze satyn alnan däne orujy döwrebap kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine daşaýan ulaglar gije-gündizleýin ýokary öndürijilikli işledilýär. Tehnikalara hyzmat etmek, oraga gatnaşyjylaryň medeniýetli dynç almagyny üpjün etmek üçin hemme şertler döredilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda gallanyň bol hasyly ýitgisiz ýygnalýar.
Ýokary hasyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň oba adamlarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň ýaşamagy hem-de zähmet çekmegi üçin iň oňat şertleri döretmek we umuman, Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek ugrundaky yzygiderli aladalaryna ýurdumyzyň ekerançylarynyň mynasyp goşandydyr.
Galla oragy dowam edýär, kabul ediş bölümlerine her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar. Gallaçylar ýetişdirilen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwy bilen öndürijilikli zähmet çekýärler.
Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ata ÝAZYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.