Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek iri çäre – birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu forum Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam eder.
Bu halkara forum milli Liderimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary hem ýurdumyzda geçiriljek iri halkara foruma taýýarlyk işleri bilen tanyşmaga gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna bardy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyza şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, Forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň baştutanlary, bank ulgamynyň, işleri Hazar bilen bagly bolan firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň, ylmy merkezleriň işgärleri çagyryldy.
Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda “Hazar innowasion tehnologiýalar” we “Türkmen sährasy-2019” sergileri we Halkara maslahat bar.
Maslahatda dünýä möçberinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum taýdan özüne çekijiligiň ösüşiniň ýagdaýlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary, bilelikdäki kärhanalary döretmäge we ösdürmäge, şeýle hem sanly ykdysadyýete kenarýaka döwletleriň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine, statistiki maglumatlaryň alşylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berler.
Mundan başga-da, maslahatyň barşynda wise-premýerler kenarýakasynda, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oňaýly ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak, şypahananyň çäklerinde täze seýilgäh zolaklaryny döretmek hem-de bar bolan bagy-bossanlyklary abadandaşdyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada habar berdiler.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyndan soňra birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek “Hazar innowasion tehnologiýalar” we Türkmen sährasy – 2019” halkara sergileriniň guraljak ýerleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym we tehnologiýalar ulgamynda soňky işläp taýýarlamalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilen hem-de geljege niýetlenen, şol sanda ýokary tehnologiýaly önümleri çykarýan häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen innowasion taslamalar görkeziljek bu sergi bezelende, innowasion çözgütler ulanylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz öňki döwürde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini görkezmäge niýetlenen “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtoserginiň geçiriljek ýerini synlady. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran ady rowaýata öwrülen bu ýoly işjeň täzeden dikeldip, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” transkontinental ulag geçelgelerini gurmak bilen, awtomobil we demir ýol, howa we deňiz ýol ugurlarynyň ulgamyny giňeldýär.