Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi geçirilýär. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreleri, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şygryýet agşamlaryny, sergileri, ylmy-amaly we usuly maslahatlary, teatrlaşdyrylan edebi çykyşlary geçirmek, şeýle hem Magtymguly etrabynyň gözel ýerlerine, Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine hem-de beýik akyldar şahyryň muzeýine baryp görmek göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. Hepdeligiň milli öwüşginler çaýylan çäreleri Türkmenistanyň ýokary gazananlaryny, onuň parahatçylyga we ösüşe tarap okgunly hereketini, halkymyzyň ruhubelentligini we abadançylygyny alamatlandyrýar. Bu sungat forumy medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda, ozaly bilen bolsa, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de ýer ýüzünde wagyz etmek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşini höweslendirmek boýunça geçirilýän işler barada özboluşly hasabat bolup durýar.
Medeniýet sözüň giň manysynda ýurdumyzda geçirilýän ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, gymmatlylygyny kesgitleýär, ynsanperwerlik ulgamynda medeni syýasatyň meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiz bu ulgama häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kemala gelmeginde, türkmen halkynyň aň-düşünje hem-de döredijilik kuwwaty esasynda onuň ösdürilmeginde möhüm ugur hökmünde garaýar. Bu forum medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, bu senäniň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen birleşdirilmeginiň özi nesilleriň ruhy dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistan döwletimiz özüniň aýdym-saz, kino, şekillendriş sungaty bilen, şeýle-de folklor eserleri, ajaýyp binagärligi, behişdi bedewleri, zergärçiligi, halyçylygy, nakgaşçylygy we külalçylygy bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan ýurtdur.
Ýurdumyzda gurulýan döwrebap kitaphanalar, muzeýler, medeni merkezler, medeni-durmuş maksatly binalar has köpelýär, bu bolsa Watanymyzyň keşbini, şeýle-de ýaşaýyş-durmuş derejesini özgerdýär. Şunuň ýaly gurluşyklaryň geriminiň giňelmegi olarda çäreleriň täsirli guralmagyna mümkinçilik berýär. Diýarymyzyň milli medeniýetiniň ösüş depginleri barha rowaçlanýar. Medeniýet we sungat işgärlerimiziň eziz Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, bu ajaýyp zamanany, belent mertebeli Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk bagtyny wasp edýän joşgunly çykyşlary her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar, watançylyk duýgymyzy has-da artdyrýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy barha ösýär. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi bolsa bu ugurda gazanan üstünliklerimizi has aýdyň ýüze çykarýar, şeýle-de milli sungatymyzy äleme ýaýmak bilen, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrýar.
Bozagan BOZAGANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.