Milli Liderimiziň tassyklan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýä belli, öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär we şu güne çenli birnäçe iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, halkymyzyň durmuşyny has-da ykjam we döwrebaplaşdyrmak işini amala aşyrýar.
Elektron resminamalar dolanyşygynyň we sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ornaşdyrylmagy bilen elektron maglumatlaryň sany ösýär (täze goşundylaryň döremegi, täze sanly çözgütleriň girizilmegi, bulutly çözgütleriň ulanylmagy) we kiber hüjümleriň döremek ähtimallygy ýüze çykýar, bu bolsa her edara-kärhananyň içki strategik maglumatlaryna howply ýagdaýlary döredip bilýär. Şonuň üçin maglumatlaýyn howpsuzlygyň soraglary häzirki wagtda has ähmiýetli bolup durýar. Geljekde ähtimallyklaryň döremezliginiň öňüni almak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda “Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti hyzmatdaşy “MUK International” kompaniýasy bilen bilelikde maglumatlar howpsuzlygy ulgamyndaky öňdebaryjy çözgütler babatda “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda tanyşdyrylyş çäresini geçirdi. Onda bütin infrastrukturalaryň san gurşawynyň toplumlaýyn goralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çärä dünýäniň ady belli IT (maglumat tehnologiýasy) kompaniýalary gatnaşdylar. Olaryň arasynda 1993-nji ýylda Ysraýyl döwletinde esaslandyrylan “Check Point Software Technologies Ltd.” (IT-howpsuzlygy ulgamynda, programma hem-de enjamlaýyn ulgamlarynda işleýän, şol sanda ulgamara ekranlaryny we hususy wirtual ulgamlaryny gurnamaklygyň serişdelerini işläp taýýarlaýan kompaniýa), “Symantec” – maglumatlaýyn howpsuzlygy we maglumatlary goramak ulgamynda programma üpjünçiligini işleýän ABŞ-nyň kompaniýasy bar. Şeýle hem kompýuterleriň we maglumatlaryň işleýiş merkezleri üçin programma üpjünçiligini öndürmekde hem-de maglumatlar tehnologiýalaryny goramakda Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy “Penta Security Systems Inc.” kompaniýasy gatnaşdy. “Penta Security” kompaniýasy web-goşundylary, maglumatlar gory we ýeke-täk girişiň howpsuzlygyny teklip edýär.
Häzirki wagtda “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy Türkmenistanda kiber howpsuzlygy ugruny işjeň ösdürýän ýeke-täk öňdebaryjy we ýokary tehnologik IT-kompaniýasy bolup, dünýäniň belli IT-kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde döredilen IT klasteryň agzasydyr.