Indoneziýanyň hökümeti gür ilatly paýtagt şäheri Jakartanyň ýerine täze paýtagt şäherini döretmegi meýilleşdirýär. Ýurduň milli ösüşi meýilnamalaşdyryş boýunça ministri Bambang Brojonegronyň belläp geçmegine görä, bu ugurdaky işlere 2021-nji ýylda girişmek göz öňünde tutulýar.
– Biz täze şäheriň gurluşyk işlerine 2021-nji ýylda girişeris. Şäheri göçürmek işi dolulygyna 2024-nji ýylda tamamlanar – diýip, ministr belleýär. Täze paýtagt şäherini Kalimantan adasynda döretmek göz öňünde tutulýar. Şäheri göçürmek işi üçin 32,5 milliard dollar maliýe serişdesi gerek bolar. Mundan ozal, ýurduň hökümeti bu taslamanyň 22,6 milliard dollara deňeçer boljakdygyny çaklapdy. Ýurduň Prezidenti Joko Widodo şu ýylyň aprel aýynda paýtagt şäheri göçürmek babatda teklip bilen çykyş edipdi.