Por­tu­ga­li­ýa­nyň par­la­men­ti­niň “Adam­lar-jan­dar­lar-te­bi­gat” par­ti­ýa­sy­nyň de­pu­ta­ty And­re Sil­wa daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy üçin de­giş­li baş­lan­gyç bi­len çy­kyş et­di. Ol kö­çe­le­re çi­lim ga­lyn­dy­la­ry­nyň zy­ňyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin de­giş­li je­ri­me­le­riň be­ril­me­gi­ni tek­lip et­di. De­pu­ta­tyň tek­li­bi­ne gö­rä, çi­lim ga­lyn­dy­sy­ny zy­ňan is­len­dik ada­ma 500 ýew­ro, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ber­ýän kom­pa­ni­ýa­lar we kär­ha­na­la­ra bol­sa 9 müň ýew­ro je­ri­me sa­lyn­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ýur­duň par­la­men­ti­niň de­pu­tat­la­ry­nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da her mi­nut­da 7 mü­ňe çen­li çi­lim ga­lyn­dy­sy taş­lan­ýar. Ol te­bi­ga­ta, ga­ly­ber­se-de adam sag­ly­gy­na hem zy­ýan­ly­dyr. Se­bä­bi her bir çi­lim ga­lyn­dy­syn­da 4 müň töweregi hi­mi­ki ele­ment bar­dyr. Olar kem-kem­den daş-tö­we­re­ge ýaý­rap baş­la­ýar.
De­pu­ta­tyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da öňe sü­ren tek­li­bi umu­man ma­kul­lan­dy we bu baş­lan­gy­jyň kä­bir ugur­la­ry ýö­ri­te ko­mi­tet ta­ra­pyn­dan se­re­dil­ýär.

Güýçmyrat ALLAMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.