Ge­çi­ri­lip baş­la­ny­na 100 ýy­lyň dol­ma­gy mynasybetli gu­ral­ýan “Ko­pa Ame­ri­ka” fut­bol ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. ABŞ-da “Copa Ame­rica Cen­te­na­rio” ady bi­len gu­ra­lan 45-nji “Ko­pa Ame­ri­ka­da” Çi­li­niň mil­li ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Bas­syr 2-nji ge­zek ku­bo­gy as­ma­na gö­te­ren Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da Ar­gen­ti­na­nyň mil­li to­pa­ry­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. ABŞ-nyň Ist Ru­ter­ford şä­he­rin­dä­ki “Met­Li­fe” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­na­lda esa­sy we goş­ma­ça wag­tda ha­sap açyl­ma­dy. 82 müň­den gow­rak jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­ni 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­la­ry mä­lim et­di. Bu ur­gu­lar­da Çi­li 4–2 hasabynda öňe saý­la­nyp, 2015-nji ýyl­dan soň, bu ýyl hem “Ko­pa Ame­ri­ka­nyň” eýe­si bol­dy. Ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek bu ku­bo­gy alan Çi­li­niň dü­zü­min­de pe­nal­ti­ni Kas­til­ýo, Aran­ges, Bo­sa­žur, Sil­wa, ar­gen­tin­ler­den Mas­ke­ra­no bi­len Ague­ro ta­kyk ur­ma­gy ba­şar­dy. Çi­li­den Wi­dal, Ar­gen­ti­na­dan Mes­si­dir Big­lia­nyň ur­gu­la­ry bol­sa, dürs bol­ma­dy. Şun­luk­da, ge­çen­ki çem­pio­nat­da-da pe­nal­ti­den soň, il­kin­ji ge­zek ku­bo­gy eýe­län Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy “Ko­pa Ame­ri­ka­ny” azyn­dan 2 sa­par alan 4-nji to­par bol­dy (Urug­waý, Bra­zi­li­ýa, Ar­gen­ti­na).
Il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň da­şyn­da gu­ra­lan “Ko­pa Ame­ri­ka” ýa­ry­şy­na 16 ýy­gyn­dy gat­naş­dy. ABŞ-nyň 10 şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň (CON­ME­BAL) äh­li ag­za­sy bilen bir hatarda, ýag­ny 10 to­par­dan baş­ga-da CONCACAF-yň dü­zü­min­den 6 mil­li ýygyndy çykyş et­di.
Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Ko­lum­bi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýer eýe­si ABŞ-ny Kar­los Bak­ka­nyň 31-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ut­dy. Ko­lum­bi­ýa ýa­rym fi­nal­da Çi­li­den 2–0 (Aran­ges 7, Fu­en­za­li­da 11), ABŞ we­lin, Ar­gen­ti­na­dan 4–0 ha­sa­byn­da (La­wez­zi 3, Mes­si 32, Hi­guain 50, 86) as­gyn ge­lip­di. Şol du­şu­şyk­da 1 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Lio­nel Mes­si Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­sy bol­­dy. Ol bu ugur­da 55 go­la ýe­tip, Gab­ri­el Omar Ba­tis­tu­ta­ny yz­da gal­dyr­dy. Çem­pi­on Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy çär­ýek fi­nal­da-da Mek­si­ka­ny 7–0 ha­sa­byn­da utup­dy.
Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, Çi­li­niň ez­ber fut­bol­çy­sy Alek­sis San­çes saý­lan­dy. 6 gol ge­çi­ren çi­li­li Eduar­do War­gas iň ne­ti­je­li oýun­çy, şeý­le-de to­pa­ryň der­we­ze­çi­si Klau­dio Bra­wo “Al­tyn el­lik” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.

ÝE­NE-DE BOL­MA­DY
Fi­nal du­şu­şy­gyn­dan soň, Lio­nel Mes­si­niň mil­li ýy­gyn­dy bi­len hoş­la­şan­dy­gy­ny aýt­ma­gy, Çi­li­niň ga­za­nan ku­bo­gyn­dan has köp ün­si çek­di. Eý­ýäm bas­syr 3-nji, umumylykda 4-nji gezek Lio­nel Mes­si­li Ar­gen­ti­na fi­nal­dan eli boş gaýd­ýar. 2014-nji ýyl­da Dün­ýa Ku­bo­gy­nyň, ge­çen ýyl we bu ýyl “Ko­pa Ame­ri­ka­nyň” fi­na­lyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­dik Ar­gen­ti­na­nyň su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­sä ku­bo­gyň gap­da­lyn­dan se­re­dip geç­mek ýo­kuş deg­ýär. Messili Argentina 2007-nji ýyl­daky “Ko­pa Ame­ri­ka­nyň” fi­na­lyn­da-da Braziliýadan utulypdy. “Bar­se­lo­na­da” ku­bok ba­ry­ny as­ma­na gö­te­rýän Mes­si­niň mil­li ýy­gyn­dy­da ar­zu­wy ha­syl bo­la­nok. Ýog­sam, ol şu ýa­ryş­dan öň, özü­çe ýö­ri­te yrym edip, sak­gal hem goý­ber­di. Em­ma bu sa­par hem bol­ma­dy. Finaldan soň, ol: — Gör­ýän we­lin, mil­li ýy­gyn­da kän bir ne­pi­m de­ge­nok. Şo­nuň üçinem mil­li ýy­gyn­dy bi­len hoş­laş­ma­lymykam diýýärin. Men bu ýag­da­ýa ga­ty bir öw­re­niş­me­dik — di­ýip be­ren be­ýa­na­ty, bü­tin dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş Ar­gen­ti­na­da ony bu ka­ra­ryn­dan dän­dir­mek üçin uly-ki­çi hem­me ala­da ba­ry­ny ed­ýär.