Er­tir ag­şam Aş­ga­bat wag­ty bi­len 24:00-da baş­lan­jak 15-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­na­lyn­da Por­tu­ga­li­ýa bi­len ýer eýe­si Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry du­şu­şar­lar. Oý­na ang­li­ýa­ly Mark Klat­ten­bur emin­lik eder. 41 ýaş­ly emin çem­pio­na­tyň çäk­le­rin­de Bel­gi­ýa–Ita­li­ýa, Çe­hi­ýa–Hor­wa­ti­ýa hem-de Şweý­sa­ri­ýa–Pol­şa du­şu­şyk­la­ryn­da jür­le­wük çal­dy. Ga­ly­ber­se-de, Klat­ten­burg şu ýyl “Re­al” bi­len “At­le­ti­ko­nyň” ara­syn­da­ky Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň fi­na­ly­na hem emin­lik edip­di.

SOŇ­KY SA­PAR 41 ÝYL OZAL ÝE­ŇIP­DI

Iki to­par mun­dan ozal, öza­ra 24 du­şu­şyk ge­çir­di. Şo­la­ryň 5-sin­de Por­tu­ga­li­ýa ýe­ňiş ga­za­nan bol­sa, 18 oýun­da fran­suz­lar gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. 1 du­şu­şyk hem deň­lik­de gu­tar­dy. Gol­la­ra se­re­de­niň­de, Fran­si­ýa 49–28 öň­de. Fran­si­ýa bi­len Por­tu­ga­li­ýa Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da mun­dan öň 2 ge­zek du­şuş­dy. Iki­sin­de-de Fran­si­ýa gar­şy­da­şy­ny ýa­rym fi­nal­da goş­ma­ça wagt­da 1984-nji ýyl­da 3–2, 2000-nji ýyl­da-da 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.
Por­tu­ga­li­ýa fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy­ny iň soň­ky sa­par mun­dan 41 ýyl ozal utup­dy. Şon­da Por­tu­ga­li­ýa “Park de Prens­de” Ne­ne we Ma­ri­nio­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. Şeý­le-de Fran­si­ýanyň ýygyndysy Por­tu­ga­li­ýa­ny 10 oý­nun­dan bä­ri ut­ýar.

ÝE­NE-DE 16 ÝYL­DAN SOŇ FI­NAL­DA

Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1984-nji ýyl­da öz­le­rin­de gu­ran ýa­ry­şyn­da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Şon­dan 16 ýyl soň fi­nal­da, 2000-nji ýylda Ita­li­ýa­ny ýe­ňip, 2-nji ge­zek ku­bo­gy as­ma­na gö­ter­di. Ine, ýe­ne-de 16 ýyl­dan soň, olar 3-nji sa­par fi­na­la çyk­dy.
Fran­si­ýa ýer eýe­si bo­lup çem­pi­on bo­lan 3 to­pa­ryň bi­ri­dir: 1964 – Is­pa­ni­ýa, 1968 – Ita­li­ýa, 1984 – Fran­si­ýa.