Türk­me­nis­ta­nyň gal­la­çy­la­ry­nyň no­bat­da­ky zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zan­ma­gy­na az wagt gal­dy. Eý­ýäm, Ahal, Da­şo­guz hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň zäh­met­sö­ýer eke­ran­çy­la­ry bug­daý taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di­ler.
Tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça 760 müň gek­ta­r ýere bug­daý ekil­di. Eder­men gal­la­çy­la­ry­myz şu ýyl döw­let har­ma­ny­na saý­la­ma bug­da­ýyň 1 mil­li­on 600 müň ton­na­sy­ny tab­şyr­mak we­zi­pe­si­niň höt­de­sin­den ab­raý bi­len gel­mek üçin bir aý­dan gow­rak wagt­dan bä­ri ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.
Il­kin­ji bo­lup, Ahal we­la­ýa­ty­nyň ba­ba­daý­han­la­ry şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­diler. Ahal­ly gal­la­çy­lar 209 müň gek­tar­dan 450 müň ton­na­dan gow­rak guş­gur­sak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Gal­la ora­gyn­da ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li “CLA­AS”, “John Dee­re”, “Case”, “New Hol­land” kom­baýn­la­ry­nyň 420-ä go­la­ýy ula­nyl­dy.

Soň­ra ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty­nyň zäh­met­so­ýer gal­la­çy­la­ryn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. Olar hem Wa­tan har­ma­ny­na Wa­tan har­ma­ny­na 300 müň ton­na­dan gow­rak azyk­lyk bug­da­ýy tab­şyr­dy­lar. Şu ýyl we­la­ýat­da 157 müň gek­ta­ra bug­daý ekil­di. Gal­la ora­gyn­da “CLA­AS” “John Dee­re”, “Case” we “New Hol­land” ýa­ly dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň dä­ne ýyg­naý­jy kom­baýn­la­ry­nyň 335-si peý­da­la­nyl­dy.
Le­bap­ly gal­la­çy­lar hem dä­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di­ler, olar eziz Wa­ta­ny­my­zyň har­ma­ny­na azyk­lyk dä­nä­niň 350 müň ton­na­sy­ny tab­şyr­dy­lar. Le­ba­byň oba zäh­met­keş­le­ri eke­ran­çy­ly­gyň ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­za­nyp, gal­lany ýyg­nap al­mak­da ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri bi­len eziz Wa­ta­ny­my­zy gu­wan­dyr­dy­lar. Ge­çen ýy­lyň güý­zün­de 157 müň gek­ta­ra go­laý meý­da­na güýz­lük dä­ne ek­mek bi­len olar be­re­ket­li ha­sy­ly ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň, onuň ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň höt­de­sin­den ab­raý bi­len gel­di­ler.
Gal­la ora­gy do­wam ed­ýär, ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne her gün­de ak bug­da­ýyň müň­ler­çe ton­na­sy tab­şy­ryl­ýar. Gal­la­çy­lar ýe­tiş­di­ri­len be­re­ket­li ha­sy­ly soň­ky dä­ne­si­ne çen­li ýyg­nap al­mak, döw­le­te bug­daý tab­şyr­mak bo­ýun­ça öz üst­le­ri­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek hy­ju­wy bi­len ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.
Şu gün­ler we­la­ýat­la­ry­my­zyň gal­la­çy­la­ryn­dan go­wuş­ýan hoş ha­bar­lar ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry­nyň şu möw­süm­de şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­niň aý­dyň ala­ma­ty­dyr.