Futbol bo­ýun­ça 20 ýa­şa çen­li­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar Pol­şa­da ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň fi­na­lyn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len du­şuş­dy. Lodz şä­he­ri­niň ady­bir sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da ko­reý­ler 5-nji mi­nut­da Li Kan-Iniň pe­nal­ti go­ly bi­len ha­sa­by aç­dy. Oýun­da dep­gi­ni güýç­len­di­ren uk­ra­in­ler 34-nji we 53-nji mi­nut­lar­da Wla­dis­law Supr­ýa­ga­nyň gol­la­ry bi­len öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy. 89-njy mi­nut­da Ge­or­giý Si­ti­aş­wi­li owa­dan gol bi­len oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan uk­ra­in­ler ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ku­bo­ga my­na­syp bol­dy.
Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Ek­wa­dor Ita­li­ýa­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň we­ki­li­ne ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly goş­ma­ça wagt­da, has ta­ky­gy, 104-nji mi­nut­da Ri­çard Mi­na der­we­zä gi­riz­di.
Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy hök­mün­de ko­re­ýa­ly Li Kan-In saý­la­nyp, ol “Al­tyn top” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. 9 ge­zek ta­pa­wut­la­nan nor­we­gi­ýa­ly Er­ling Ha­land iň köp pök­gi ge­çi­ren­le­riň sa­na­wyn­da 1-nji ýe­ri eýe­läp, “Al­tyn but­sy” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Çem­pi­on to­pa­ryň der­we­ze­çi­si And­reý Lu­nin “Al­tyn el­lik” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.
1977-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip baş­la­nan ýa­ryş şu ýyl 22-nji ge­zek gu­ra­ldy. Çem­pio­nat­da iň köp Ar­gen­ti­na­nyň ýaş­la­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. 6 ge­zek ku­bo­gy eýe­län ar­gen­tin­ler­den soň, Bra­zi­li­ýa 5 ýe­ňiş bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. 2 ýyl­dan 1 ge­zek ge­çi­ril­ýän çem­pio­nat­da Bra­zi­li­ýa 4 sa­par fi­nal­da utul­dy. Por­tu­ga­li­ýa­dyr Ser­bi­ýa­nyň 2, il­kin­ji çem­pi­on SSSR-iň, Ga­na­nyň, Is­pa­ni­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Ang­li­ýa­nyň hem-de Uk­rai­na­nyň 1 çem­pi­on­ly­gy bar.