Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met gaý­nap joş­ýar. Şu gün­ler ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry çe­ken zäh­me­ti­niň räh­ne­ti­ni gör­ýär. Olar öň­de goý­lan borç­na­ma­la­ry­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip, guş­gur­sak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Ahal, Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň zäh­met­sö­ýer eke­ran­çy­la­ryn­dan soň­ra Le­bap we­la­ýa­ty­nyň eder­men gal­la­çy­la­rynyň dä­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi ba­ra­da­ky hoş ha­ba­r ge­lip go­wuş­dy. Mun­dan baş­ga-da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na goş­mak, oba adam­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len Mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Onuň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de iri des­ga­la­ryň en­çe­me­si bi­len bir ha­tar­da, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň köp­ san­ly­sy ulan­ma­ga be­ril­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Le­bap we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran no­bat­da­ky sa­pa­ry ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ň gaý­nap joş­ýan­dy­gy­nyň, mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­duk.

DÖW­RE­BAP ÝA­ŞA­ÝYŞ JAÝ
TOP­LU­MY­NYŇ DÜÝ­BI TU­TUL­DY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň gün­do­gar bö­le­gin­dä­ki Le­bap we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Amy­der­ýa­nyň ke­na­ryn­da­ky Türk­me­na­bat şä­he­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri üçin ni­ýet­le­nen tä­ze döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň keş­bi düýp­gö­ter öz­ger­di. Ýe­ne-de san­ly­ja ýyl­dan şä­her­de peý­da bol­jak bu döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my Türk­me­na­ba­dyň gör­kü­ne görk go­şar.
Tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lu­myn­da äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan 4 gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 6-sy­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Top­lum­da her bi­ri­niň meý­da­ny 88 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan 3 otag­ly öý­le­riň 92-si, meý­da­ny 107 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan 4 otag­ly öý­le­riň hem 92-si bo­lar. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na ýa­na­şyk ýer­ler­de dü­kan­lar, ça­ga­lar we sport meý­dan­ça­la­ry, dynç alyn­ýan ýer­ler ýer­le­şer, köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen ýer en­jam­laş­dy­ry­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mö­hüm des­ga­nyň gu­rul­jak ýe­ri­ne ge­lip, bu ýer­de ýur­du­my­zyň ýa­şu­ly we­kil­le­ri bi­len söh­bet­deş bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri üçin tä­ze döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy­nyň, Türk­me­na­bat­da 500 müň ton­na kü­kürt kis­lo­ta­sy­ny ön­dür­ýän tä­ze önüm­çi­lik top­lu­my­nyň hem-de Be­ýik Türk­men­ba­şy adyn­da­ky et­rap­da­ky “Wa­tan” döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň açyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, şu se­bi­tiň we tu­tuş ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi üçin tä­ze des­ga­la­ryň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tas­la­ma­lar bi­len iç­gin tan­şyp, gel­jek­ki des­ga­lar ba­bat­da anyk tek­lip­le­riň bir­nä­çe­si­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­ny­na ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­niň we­kil­le­ri bo­lan og­lan we gyz gel­di. Ça­ga­la­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li ne­sil­le­re gö­nük­di­ri­len ýaz­ga gol çe­kip, ony ýö­ri­te gu­tu­jy­ga ýer­leş­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da gu­tu­jy­gy ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň tä­ze top­lu­my­nyň bin­ýa­dyn­da ýer­leş­dir­di hem-de des­ga­nyň düý­bü­ne pil bi­len be­ton atyp, top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­di.

MI­NISTR­LER KA­BI­NE­TI­NIŇ
GÖÇ­ME MEJ­LI­SI GE­ÇI­RIL­DI
Mil­li Li­de­ri­miz bu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­na se­re­dil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­sin­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na goş­mak, oba adam­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş – dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len Mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň Le­bap we­la­ýa­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň sel­je­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip, şu ýyl ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz özü­niň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny uly üs­tün­lik­le­re bes­läp, giň­den we da­ba­ra­ly bel­läp geç­jek­di­gi­ni, aý­dyp, Ga­raş­syz­ly­gyň mäh­ri­ban hal­ky­my­za er­kin ösüş ýo­lu­ny saý­lap al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­ni, şan-şöh­rat ge­ti­ren­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan be­ýik üs­tün­lik­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, şol dö­wür­de Le­bap we­la­ýa­tyn­da-da köp iş­le­riň al­nyp bar­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Ç. Gy­ly­jo­wyň we Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry A.Hal­ly­ýe­wiň Le­bap we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ren sel­jer­me­ler bo­ýun­ça ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di. Mej­li­siň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi bi­len bir ha­tar­da et­rap hä­kim­le­ri öz ha­sa­ba­ty bi­len çy­kyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, öz­le­ri­ne yna­ny­lan we­zi­peleri oňar­man­dyklary üçin kä­bir ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz jo­gap­kär­çi­li­gin­dä­ki et­rap­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bo­ýun­ça gö­zeg­çi­li­gi gow­şa­dan­dy­gy üçin et­rap hä­kim­le­ri­ne kä­ýinç yg­lan et­di. Et­rap hä­kim­le­ri ýol ber­len kem­çi­lik­le­ri dü­zet­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ynan­dyr­dy­lar.
Soň­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy A. Nur­ber­di­ýe­wa söz be­ril­di. Ol Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­ny­lan tek­lip­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu me­se­le bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, mil­li par­la­ment ta­ra­pyn­dan we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tek­lip­na­ma­sy­ny na­za­ra alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 63-nji mad­da­sy esa­syn­da Mej­li­siň “Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş-çäk me­se­le­le­ri ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ry ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, we­la­ýa­tyň dü­zü­min­e 14 et­rap, 3 et­rap hu­kuk­ly şä­her, 12 et­rap­da­ky şä­her, 23 şä­her­çe, 106 ge­ňeş­lik hem-de 430 oba girýär.

TÄ­ZE ÖNÜM­ÇI­LIK TOP­LU­MY
ULAN­MA­GA BE­RIL­DI
Mil­li Li­de­ri­miz sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de we­la­ýa­tyň irki se­na­gat kär­ha­na­sy bo­lan Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň çä­gin­de gur­lan kü­kürt kis­lo­ta­sy­nyň 500 müň ton­na­sy­ny ön­dür­ýän tä­ze önüm­çi­lik top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Bu top­lum “Mit­sui In­gi­nee­ring & Ship­bul­ding Co., Ltd” (Ýa­po­ni­ýa) we “Rö­ne­sans Türk­men In­şa­at Sa­nayi ve Ticaret A.Ş.” (Tür­ki­ýe) kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kon­sor­siu­my ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy.
Tä­ze za­wod top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ne eda­ra bi­na­sy, önüm­çi­lik bö­lü­mi, su­wy hi­mi­ki usul­da aras­sa­la­ýyş bö­lü­mi, her bi­ri taý­ýar kü­kürt kis­lo­ta­sy­nyň 5 müň ton­na­sy­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen 4 am­mar, 20 müň ton­na kom kü­kür­di­niň sak­la­nyl­ýan çig mal bi­na­sy­ny, şeý­le hem her bi­ri aras­sa­la­nan hem-de aras­sa­la­nyl­ma­dyk su­wuk kü­kür­di sak­la­mak üçin am­mar­la­ryň iki­si­ni öz içi­ne al­ýar. Des­ga­la­ryň äh­li­si ýyg­jam ýer­leş­di­ri­lip, bi­te­wi önüm­çi­lik ar­ka­ly bi­ri-bi­ri­ne bag­la­ny­şyk­ly­dyr we Ýa­po­ni­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Hy­ta­ýyň ugur­daş kär­ha­na­la­ry­nyň iň hä­zir­ki za­man ab­zal­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Ýa­kyn ýyl­lar­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa kär­ha­na­sy­nyň özün­de hem kü­kürt kis­lo­ta­sy­na is­leg ar­tar. Pu­da­gy ös­dür­me­giň me­ýil­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da bu ýer­de ýyl­lyk kuw­wa­ty 300 müň ton­na deň bo­lan ýo­ka­ry hil­li kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kün­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça tä­ze top­lu­my gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de “Mit­sui En­gi­nee­ring Ship­bu­il­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tas­la­ma de­par­ta­men­ti­niň baş me­ne­je­ri Şin­su­ke Nip­pe­ni, “So­jitz Cor­po­ra­ti­on” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dü­züm we daş­ky gur­şaw de­par­ta­men­ti­niň uly do­lan­dy­ry­jy di­rek­to­ry, des­sin di­rek­to­ry To­şi­ha­ro Ýo­şi­mu­ry hem-de “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.

IRI ENER­GE­TI­KA
DES­GA­SY IŞE GI­RI­ZIL­DI
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Le­bap we­la­ýa­ty­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň “Türk­me­ne­ner­go” döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça “Ça­lyk Ener­ji Sa­na­ýi we Tiсaret A.Ş.” türk kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan iri ener­ge­ti­ka des­ga­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Tä­ze des­ga­nyň kuw­wa­ty 254 MWt ba­ra­bar­dyr. Bu ýer­de dün­ýä bel­li “Ge­ne­ral Electric” (ABŞ) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gazt­ur­bi­na des­ga­la­ry otur­dyl­dy.
“Wa­tan” döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na 2015-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da ba­dal­ga be­ril­di we ol möh­le­tin­den bäş aý öň işe gi­ri­zil­di. Elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ener­gob­lok­la­ryn­dan hem-de eda­ra bi­na­syn­dan baş­ga-da, tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gaz paý­laý­jy be­ket, gyz­dy­ry­jy bi­na, 2 sa­ny trans­for­ma­tor, 220 KW we 110 KW paý­laý­jy be­ket, ener­ge­tik­ler üçin umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýy, ýan­gyn howp­suz­lyk bi­na­sy, am­mar we beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­dy. Elekt­rik stan­si­ýa­sy do­ly komp­ýu­ter­leş­di­ril­di. Ýur­du­my­zyň gün­do­gar se­bi­ti türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny da­şa­ry ýurt­la­ra, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iber­me­giň kuw­wat­ly döw­re­bap bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de “Ge­ne­ral Electric” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gaz ener­gi­ýa­sy ul­ga­my bo­ýun­ça Ýew­ro­pa, Rus­si­ýa, GDA we Tür­ki­ýe bo­ýun­ça pre­zi­den­ti je­nap Ri­kar­do Kor­do­ba­ny we “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­gy ka­bul et­di. Du­şu­şygyň çäk­le­rin­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Ga­ra­be­ke­wül et­ra­by­nyň Ze­li­li ge­ňeş­li­gin­de 600 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nip gur­lan döw­re­bap «Ber­ka­rar za­man» oba­sy da­ba­ra­ly açy­lyp, ulan­ma­ga be­ril­di.

(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).