Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 7-nji bäsleşigi Italiýanyň Sardiniýa adasynda geçirilip, onda garaşylmadyk sürüjiler ýeňiş gazandy. 1-nji ýeri “Hyundai Shell Mobis” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Dani Sordo eýeledi. Ol 310,52 kilometr aralygy 3 sagat 32 minut 27,2 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji bolup pellehanadan ýeňijiden 13,7 sekunt yza galan “M-Sport Ford” toparyndan finlýandiýaly sürüji Teemu Suninen geçdi. “Hyundai Shell Mobis WRT” toparynyň norwegiýaly sürüjisi Andreas Mikkelsen bolsa, 3 sagat 32 minut 59,8 sekunt görkeziji bilen 3-nji ýeri eýeledi. Umumy utuk sany boýunça 8-nji ýaryşdan soň Ott Tanak 1-nji orna beýgeldi. Ondan 4 utuk tapawut bilen Sebastian Ožie 2-nji, 7 utuk tapawut bilen Tierri Noýwill 3-nji ýerde barýar. Möwsümiň indiki ýaryşy 1–4-nji awgustda Finlýandiýada geçiriler.