Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde täze-täze binalar gurulýar, iri durmuş maksatly taslamalaryň düýbi tutulýar. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, edara binalary ýurdumyzyň görküne görk goşýar hem-de halkymyzyň eşretli ertiriniň binýadyny düzýär.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjegini toý-baýramlar gurşap aldy. Ýurdumyzyň Lebap, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynda döwrebap şäherçeleriň düýbi tutuldy. Ahal welaýatynda birbada iki sany iri önümçilik desgasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynda kuwwatly ýod kärhanasy, Mary welaýatynda bolsa gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhana hem-de Daşoguz welaýatynda keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhana açyldy.
Ýurdumyzda gurulýan täze önümçilik desgalary hem-de düýbi tutulan durmuş maksatly binalar Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän “Döwlet adam üçindir!” şygarynyň täze-täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Başlangyjy 1-nji sahypada.
DÖWREBAP ŞÄHERÇELER
Şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda döwrebap şäherçeleriň hem-de Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň düýbi tutuldy. Täze döwrebap şäherçeleriň gurulmagy ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge hem-de olaryň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Lebap welaýatyndaky täze şäherçeler 3 müň 500 maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir. Çärjew etrabyndaky 1 müň maşgala niýetlenen geljekki şäherçe 185 gektar meýdanda ýerleşer. Şol çäkde her birinde 32 öý boljak 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, üç, dört we bäş otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 381-si, 5 öýli 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 236-sy, geňeşligiň binasy, her biri 640 orunlyk mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, 200 orunlyk Medeniýet öýi, Durmuş hyzmatlar öýi, söwda dükanlarynyň ulgamy, “Toý mekany” dabaralar merkezi, bazar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar. Halaç etrabyndaky täze şäherçäniň gurluşygynyň taslamasy hem 1 müň maşgala niýetlenendir. Olar üçin 200 gektar meýdanda 5 otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 641-si, üç we dört otagly 2 gatly jaýlaryň 359-sy, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, Durmuş hyzmatlar öýi, Saglyk merkezi, söwda dükanlarynyň ulgamy we beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler. Saýat etrabynda guruljak täze döwrebap şäherçede hem 1 müň maşgala ýaşar. Onuň meýdany 215 gektara barabar bolar. Şäherçäniň binagärlik toplumy bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 430-syndan, üç we dört otagly 1 gatly jaýlaryň 570-sinden, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sinden, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sinden, söwda dükanlaryndan, Medeniýet öýünden, Durmuş hyzmaty öýünden, “Toý mekany” dabaralar merkezinden, geňeşligiň binasyndan we beýleki desgalardan ybarat bolar. Kerki etrabyndaky täze şäherçe 115 gektar meýdanda ýerleşip, şol ýerde 500 maşgala ýaşar, olar üçin bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 140-sy, üç we dört otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda dükanlarynyň ulgamy, çörek we çörek önümlerini çykarýan önümçilik, Durmuş hyzmaty öýi we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar. Täze döwrebap şäherçeleriň ählisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň merkezinde — Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Bu toplum köp gatly jaýlaryň we durmuş maksatly desgalaryň onlarçasyny öz içine alar. Kaşaň öýler şäheriň bagtyýar maşgalalarynyň ýüzlerçesine niýetlenendir.
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginde täze şäherçäniň düýbi Mary — Türkmenabat ýolunyň günorta tarapynda tutuldy. Umumy meýdany 110 gektara barabar bolan şäherçede geňeşligiň edara binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükany, toý mekany, çörek we çörek önümlerini çykarýan kärhana, bazar hem-de hyzmat ediş öýi göz öňünde tutuldy. Şäherçede 570 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly jaýlar gurlar.
Aşgabat — Mary ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşen Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer geňeşliginiň täze şäherçesiniň meýdany 150 gektara barabar bolar. Bu ýerde 784 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, geňeşligiň binasy, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, dükanlar we beýleki düzümleýin desgalar gurlar.
Wekilbazar etrabynyň Üçdepe obasynda düýbi tutulan, meýdany 100 gektara barabar bolan täze şäherçe Mary — Türkmenabat ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Taslama laýyklykda, bu ýerde geňeşligiň binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükanlary, bazar, çörek bişirilýän kärhana, 500 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Welaýat merkezi Mary şäherinde hem täze ýaşaýyş toplumlarynyň düýbüni tutmak boýunça dabaralar geçirildi. Bu ýerde Baýramhan köçesiniň ugrunda 68 we 48, şeýle hem 24 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy peýda bolar. Olar 656 hojalyga niýetlenendir. Topluma çagalar meýdançalarynyň 6-sy hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalar girer, ýaşyl zolaklar dörediler. Mundan başga-da, Baýramhan köçesiniň ugrunda 500 orunlyk mekdep gurlar. Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda 102 we 119 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si, awtoduralga, çagalar we sport meýdançalary meýilleşdirilýär. Magtymguly köçesiniň ugrunda ýanaşyk ýeri abadanlaşdyrylan 114 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.
Baýramaly şäherinde hem umumy meýdany 25,3 gektara barabar bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga bermek boýunça dabara geçirildi. Şäheriň merkezinde, Oguzhan köçesiniň ugrunda 32 we 40 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 41-si gurlar. Topluma söwda merkezleriniň 4-si, sport we çagalar meýdançalary, 160 orunlyk çagalar bagy girer.
TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGALARY
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde “Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze mebel önümçilik kärhanasy hem-de “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetiniň ýuwujy serişdeleri öndürýän kärhanasy ulanmaga berildi. Mebel kärhanasynyň doly güýjünde işe girizilmegi bilen, bu ýerde her ýyl dürli görnüşli, ýokary hilli gapynyň 40 müňüsini, aşhana mebelleriniň 12 müň toplumyny öndürmek göz öňüne tutuldy. Kärhanada 125 adam üçin iş orny göz öňünde tutuldy. Ýuwujy serişdeleri öndürýän önümçilik desgasy elde we awtomatik usulda ýuwulýan reňkli, şeýle-de reňksiz egin-eşiklere niýetlenen ýuwujy serişdeleriň sagatda 5 tonnasyny gaplamak kuwwatyna eýedir. Şol enjam arkaly taýýar önümler 1; 3; 6; 9 kilogramlyk polietilen gaplara gaplanylýar.
Balkan welaýatynda gurlan ýod kärhanasynyň ýyllyk kuwwaty tehniki ýoduň 150 tonnasyna barabardyr. Russiýadan we Türkiýeden getirilen kämil enjamlar oturdylan önümçilik kärhanasy adamlaryň birbada 60-a golaýyny iş orny bilen üpjün etdi.
Mary welaýatyndaky gurlan gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5200 tonnadan gowrak demir turbalary we profilleri öndürmäge barabardyr. Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhanada keramiki-bezeg kerpijiniň ýylda 2 million sanysyny öndürmek göz öňünde tutulýar.