Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde iri hem-de dünýäde deňi-taýy bolmadyk önümçilik toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Muňa Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa “ECO-93” kysymly awtomobil ýangyjyny öndürýän zawod mysal bolup durýar. Dünýäniň bu ugurdaky ilkinji önümçilik toplumy biziň ata Watanymyz – Türkmenistanda guruldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini amala aşyrýan iri gazhimiýa toplumlary yzygiderli gurulýar. Ine, şeýle ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli toplumyň açylyş dabarasy boldy. Ilki bilen bu iri toplumyň açylmagy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky “Mizan” täjirçilik merkezinde uly dabara geçirildi.
Bu dabara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň arasynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki, Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei, dünýäniň ençeme ýurdundan gelen myhmanlar, dürli ýurtlardan çagyrylan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, dabara gatnaşyjylary ýurdumyzda geçirilýän şanly waka – dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil benzinini öndürýän zawodyň açylmagy bilen gutlady. Şeýle hem dabarada çykyş eden Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki dostlukly ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abeniň dabara gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okady.
GAZHIMIÝA TOPLUMY GINNESIŇ
REKORDLAR KITABYNA GIRDI
Dabarada Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda birnäçe ugurlar boýunça şahadatnamalar gowşuryldy. Ilki bilen, “Guinness World Records” kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi-Gemiji çykyş edip, bu iri gazhimiýa toplumynyň “Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini uly buýsanç bilen belläp, degişli şahadatnamany gowşurdy.
Şeýle hem ýangyç-energetika pudagynyň bu iri kärhanasy ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasy tarapyndan “Ekologiýa taýdan arassa” diýen şahadatnama hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa instituty tarapyndan “Innowasion tehnologiýa” ugry boýunça şahadatnama we nyşana eýe boldy.
ZAWOD BARADA MAGLUMATLAR
Tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama bolan bu zawodda ýylda 1 milliard 785 million kub metr gaz gaýtadan işlenilip, “ECO-93” kysymly awtomobil ýangyjynyň 600 müň tonnasy öndüriler. Mundan başga-da, zawodda dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndüriler.
“Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Kawasaki Heavy Industries” (Ýaponiýa) we “Rönesans Holding” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan bilelikde gurlan bu zawodda 800 töweregi hünärmen zähmet çeker.
Bu kärhanada dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde “GTG-Gas to gasoline” (Gazdan benzine) taslamasy amala aşyryldy. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýokary derejeli tehnologiýasy esasynda ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Zawodda öndürilen awtomobil ýangyjyna Ýewropa ýurtlarynda hem-de sebit ýurtlarynda uly isleg bildirilýär. Zawodyň önüminiň ilkinji tonnalary içerki sarp edijilere we daşary ýurtlara iberildi. Daşary ýurt hökmünde bu önümiň ilkinji ugradylan ýurdy ýakyn goňşymyz Owganystan Yslam Respublikasy boldy.