Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net to­ru­nyň 5G (5-nji ne­sil) ul­ga­my­ny gi­ňiş­le­ýin ulan­mak üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ul­gam Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 15 ýy­lyň do­wa­myn­da 900 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ge­ti­rer. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­lar kong­re­sin­de bel­le­nip ge­çil­di.
Kong­res­de ýaý­ra­dy­lan be­ýa­na­ta gö­rä, “Mo­bil yk­dy­sa­dy­ýet” ha­sa­ba­ty­na la­ýyk­lyk­da, Azi­ýa­nyň mo­bil yk­jam ara­gat­na­şyk ope­ra­tor­la­ry 2025-nji ýy­la çen­li 5G ul­ga­my­nyň gur­na­ma iş­le­ri üçin 370 mil­liard dol­lar sarp et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýärler.

4G ul­ga­my Azi­ýa­nyň ösü­şi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hem bol­sa, sarp edi­ji­le­re tä­ze hyz­mat­la­ryň giň top­lu­my­ny hö­dür­le­jek, se­na­ga­tyň hem-de önüm­çi­li­giň ösü­şi­ni go­wu­laş­dyr­jak, yk­dy­sa­dy ösü­şi hö­wes­len­dir­mä­ge şert dö­ret­jek 5G ul­ga­my üçin mil­liard­lar­ça dol­lar pul se­riş­de­le­ri­ni sarp et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
2025-nji ýyl­da mo­bil ara­gat­na­şyk­la­ryň 18 göte­ri­mi 5G ul­ga­my bi­len iş­lär, şol dö­wür­de Hy­ta­ýyň bu ul­gam üçin göz öňün­de tu­tan ma­ýa go­ýu­my 184 mil­liard dol­la­ra deň bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý äh­li iri şä­her­le­rin­de 5G ul­ga­my­ny sy­nag ed­ýär. Ha­sa­bat döw­rü­ne çen­li Hy­ta­ýyň mo­bil ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň 28 gö­te­ri­mi 5G hyz­ma­ty­ny be­rer. Bu bolsa tu­tuş dün­ýä­dä­ki 5G ul­ga­my­nyň üç­den bi­ri­ne deň bo­lar.
Mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ösüş dep­gi­ni se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne hem oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. 2023-nji ýyl­da Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­ni­ň mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan ga­zan­jak gir­de­ji­si­niň 1,9 tril­li­on dol­la­ra deň bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ha­sa­ba­tyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň mo­bil ul­ga­myn­da gö­nü­den-gö­ni we gy­tak­la­ýyn 18 mil­li­on adam iş­le­ýär.