Hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni, has ta­ky­gy, 3-nji iýul­da Ita­li­ýa­nyň Nea­pol şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä to­mus­ky uni­wer­sia­da uly da­ba­ra bi­len baş­la­dy. Şä­her­dä­ki San Pao­lo sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len açy­lyş da­ba­ra­sy diý­seň uly şow­hu­na bes­len­di. Ita­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ser­jio Mat­ta­rel­la­nyň açyk di­ýip yg­lan et­me­gin­den soň, uni­wer­sia­da­nyň ala­wy­ny ita­li­ýa­ly ýyl­dyz fut­bol­çy Lo­ren­zo In­sin­ýe ýak­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Ma­li­ka Aýa­ne, And­rea Bo­çel­li ýa­ly meş­hur sun­gat us­sat­la­ry bi­len bir ha­tar­da, 16 ýaş­ly aý­dym­çy gyz Kar­men Per­ri­niň çy­kyş­la­ry, şeý­le-de dür­li gör­kez­me çy­kyş­lary gör­ke­zil­di.

Ta­lyp spor­ty Hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FI­SU) pre­zi­den­ti Oleg Ma­ty­sin hem da­ba­ra­da söz söz­läp, il­kin­ji uni­wer­sia­da­nyň hem mun­dan 60 ýyl ozal Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni ýat­lat­dy. Ol Tu­rin­de baş­lan bu sport he­re­ke­ti­niň bü­tin dün­ýä ýaý­ran­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Soň­ra tür­gen­le­riň ge­çiş­lik da­ba­ra­sy uly şow­hu­na bes­len­di. Il­deş­le­ri­miz ta­lyp tür­gen­le­riň ýö­ri­şin­de ýur­du­my­zyň ýa­şyl Tu­gu­ny buý­sanç bi­len gö­te­rip geç­di­ler.
30-njy ge­zek ge­çi­ril­ýän uni­wer­sia­da ýur­du­myz­dan tür­gen­le­riň 19-sy gat­naş­ýar. Ýurdumyzyň ta­lyp tür­gen­le­ri bu hal­ka­ra ýa­ryş­da spor­tuň ýe­ňil at­le­ti­ka, ýaý­dan ok at­mak, feh­to­wa­ni­ýa, dzýu­do, ten­nis hem-de suw­da ýüz­mek görnüşleri bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek bäs­le­şik­ler­de çy­kyş eder­ler. FI­SU-nyň (Ta­lyp spor­ty Hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň) gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän bü­tin­dün­ýä to­mus­ky XXX uni­wer­sia­da 118 ýurt­dan 8 mü­ňe go­laý tür­gen gat­naş­ýar. Olar umu­my­lyk­da spor­tuň 15 gör­nü­şi — ýaý­dan ok at­mak, ýe­ňil at­le­ti­ka, bas­ket­bol, feh­to­wa­ni­ýa, fut­bol, gim­nas­ti­ka, dzýu­do, stol ten­nisi, ta­ek­wan­do, wo­leý­bol, ten­nis, suw sport gör­nüş­le­ri (wo­ter­pol, su­wa bök­mek, suw­da ýüz­mek), ny­şa­na ok at­mak, ýel­ken spor­ty hem-de reg­bi bo­ýun­ça me­dal­lar top­lu­my­nyň 222-si ug­run­da öza­ra bäs­le­şer­ler. Ita­li­ýa to­mus­ky uni­wer­sia­da­ny 5-nji ge­zek ka­bul ed­ýär. 1959-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän to­mus­ky uni­wer­sia­da her 2 ýyl­dan bir ge­zek gu­ral­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýän uni­wer­sia­da­da fut­bol, wo­ter­pol, su­wa bök­mek ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ir baş­lan­dy. Il­kin­ji 2 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da ýa­po­ni­ýa­ly, hy­taý­ly, ame­ri­ka­ly ta­lyp tür­gen­ler öň­de­li­gi eýe­le­ýär. To­mus­ky uni­we­ri­sia­da 14-nji iýul­da San Pao­lo sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­jek jem­leý­ji da­ba­ra bi­len ta­mam­la­nar.