Tut­ýan meý­da­ny­nyň uly bö­le­gi çöl bo­lan hem-de ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň aşa gyz­gyn ýur­dy ha­sap­lan­ýan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bi şä­he­rin­de 2020-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň uly ýa­pyk gyş se­ýil­gäh top­lu­my ulan­ma­ga ber­ler. Şä­he­riň tä­ze bir sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­jek bu top­lum “Re­em” ada­syn­da gur­lup, ol 1,2 mil­liard dol­lar ba­ha­sy bo­lan ägirt uly “Re­em Mall” tas­la­ma­nyň bir bö­le­gi bo­lar.
“Eme­li” gar se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de 13 sa­ny attrak­si­on he­re­ket edip, mun­dan baş­ga-da “Bliz­zard’s Ba­za­ar” ba­za­ry, buz la­bi­rint­ler­den yba­rat bo­lan gyş ba­gy, “Crys­tal Carou­sel” ka­ru­se­li bo­lar. Se­ýil­gä­hiň çä­gin­de bir ýy­lyň do­wa­myn­da ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy -2 de­re­je­sin­de sak­la­nar.
“Re­em Mall” söw­da mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­na 2017-nji ýy­lyň ahy­ryn­da gi­ri­şil­di. 2020-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ulan­ma­ga be­ril­jek tas­la­ma­da 2 mil­li­on ine­dör­dül meý­da­ny eýe­le­ýän söw­da zo­la­gy bo­lup, on­da 450 dü­kan we 100 res­to­ran ýer­le­şer.