Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin şä­he­rin­de dün­ýä­niň iň uly ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. “Da­sin” ho­wa men­zi­li ýur­duň iri ulag top­lu­my bo­lup, onuň gur­lu­şy­gy­na 400 mil­liard ýu­an (60 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de se­riş­de goý­be­ril­di. Ho­wa men­zi­li 30-njy sent­ýabr­da – Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň dö­re­di­lmeginiň 70 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ulan­ma­ga ber­ler. Şo­nuň üçin bu tas­la­ma HHR-nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň hut özü­niň üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar.
“Da­sin” ho­wa men­zi­li Pe­ki­niň gü­nor­ta bö­le­gin­de şä­he­riň mer­ke­zin­den 46 ki­lo­metr daş­lyk­da ýer­leş­ýär. Ho­wa men­zi­li­niň 4 sa­ny uçuş-go­nuş zo­la­gy bo­lup, her ýyl ol 620 mü­ňe çen­li ho­wa gat­naw­la­ry­ny ka­bul et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lar. 2025-nji ýy­la çen­li onuň ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi 72 mil­li­on ada­ma deň bo­lar. Şeý­le hem de­giş­li dö­wür­de ho­wa men­zi­li her ýyl 2 mil­li­on ton­na ýük da­şa­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lar. Ho­wa men­zi­li­niň üçe­gi dün­ýä­de iň uly diýlip ha­sap edildi. Onuň meý­da­ny 25 sa­ny stan­dart fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň ulu­ly­gy­na deň­dir.