Formula 1 boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Awstriýa Gran Prisinde “Red Bull” toparynyň golland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiji boldy. Geçen ýyl hem bu ýerde ýeňiş gazanan Werstappen 71 aýlawy 1 sagat 22 minut 01,822 sekuntda tamamlady. Ol ýaryşyň tamamlanmagyna 3 aýlaw galanda, 1-nji orunda barýan fransiýaly Şarl Lekleriň (“Ferrari”) deňinden geçişi jedelli ýagdaýda bolupdy. Bäsleşik tamamlananyndan soň eminler 3 sagadyň dowamynda Werstappeniň düzgüni bozmandygyny we onuň bu ýaryşyň ýeňijisidigini mälim etdiler. Şeýlelikde, Werstappen şu ýylky ilkinji, karýerasyndaky 6-njy ýeňşini gazandy. Galyberse-de, şu möwsümde ilkinji gezek “Mercedes” toparyna degişli bolmadyk sürüji 1-nji orny eýelemegi başardy. Şeýle-de 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek “Honda” hereketlendirijisini ulanýan ulag F1-de ýeňiji boldy. 1-nji hatardan başlan Şarl Lekler ýeňijiden 2,724 sekunt yza galyp, münberiň ikinji basgançagyna çykdy. 3-nji orny bolsa, “Mercedes” toparynyň fin sürüjisi Woltteri Bottas mynasyp boldy. Çempionlygyň dalaşgärlerinden, Sebastian Wettel (“Ferrari”) 4-nji, sanawyň lideri Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) 5-nji ýeri eýeledi. Möwsümiň 10-njy “Gran Pri” ýaryşy Britaniýada 14-nji iýulda geçiriler.