Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 8-nji ýa­ry­şy Gol­lan­di­ýa­nyň As­sen şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da “Ya­ma­ha” to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Ma­we­rik Win­ýa­les ýe­niji bol­dy. Ol 26 aý­la­wy 40 mi­nut 55,415 se­kunt­da ge­çip, şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 6-njy “Gran Pri” baý­ra­gy­ny ga­zan­dy. On­dan 4,85 se­kunt yza ga­lan umu­my sa­na­wyň öň­de­ba­ry­jy­sy is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes (“Hon­da”) 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan bat alan “Ya­ma­ha” to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly sü­rü­ji­si Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Bu ýa­ryş­dan soň, sa­na­wyň li­de­ri Mar­kes utu­gy­ny 160-a ýe­tir­di. 2-3-nji orun­lar­da bar­ýan “Ducati” to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­le­ri And­rea Do­wi­zio­so­nyň hem-de Da­ni­lo Pet­ruç­çi­niň de­giş­li­lik­de, 116 we 108 utuk­la­ry bar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 7-nji iýul­da Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.