Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen Halkara Olimpiýa Komitetiniň 134-nji sessiýasynda sportuň 4 görnüşiniň tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyna girizmek barada ylalaşyk gazanyldy. Sessiýada gelnen netijä görä, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň breýk-dans (breakdance), skeýtboarding (skateboarding), dyrmaşmak sporty (sport climbing) hem-de sörfing (surfing) görnüşleri giriziler. Aslynda skeýtboarding, dyrmaşmak sporty hem-de sörfing sportlarynyň geljek ýyl Tokioda geçiriljek Olimpiadanyň maksatnamasyna-da synag ýaryşlary hökmünde girizilendigini belläp geçeliň. Breýk-dans geçen ýyl Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdi. Halkara Olimpiýa Komiteti 4 sportuň maksatnama girizip-girizilmejekdigi baradaky gutarnykly netijäni 2020-nji ýylyň dekabryndan öň mälim eder.c