Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň her bir güni beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygaryny ýörelge edinen agzybir halkymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda buýsandyryjy üstünlikleri gazanýar. Berekediň binýady bolup durýan ene toprakdan bol hasyl ýygnaýan gallaçy babadaýhanlarymyz “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň orak möwsüminde Watan harmanyna guşgursak ak bugdaýyň 1 million 650 müň tonnasyny tabşyrmak bilen täze zähmet üstünligini gazandylar. Bu hoş habar tutuş halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi. Oba hojalygynda ýetilen şeýle belent sepgit hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz edermen oba zähmetkeşlerini gazanan üstünligi bilen gutlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna iberen Gutlagynda: “Gallaçy babadaýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda gazanylan bu uly üstünlik “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip yglan eden ýylymyza mynasyp sowgatdyr, asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal-berekedidir, barha ösýän-özgerýän we kuwwatlanýan döwletimiziň azyk bolçulygynyň, abadançylygynyň hem-de berkararlygynyň hakyky kepilnamasydyr” diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri daýhan zähmetine goýulýan belent sarpanyň aýdyň beýany bolup, edermen gallaçylarymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär.
Milli Liderimiz öz Gutlagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, ondan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmeklerine we täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna bolan höwesini has-da artdyrýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz baş maksadynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdygyny belläp, edermen babadaýhanlarymyz tarapyndan ata-babalarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk käriniň häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ussat mehanizatorlarymyz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edilip, yhlasly zähmet çekilmegi netijesinde, bereketli türkmen topragynda ekinleriň bol hasylynyň öndürilýändigini, şonuň bilen bir hatarda, sahawatly topragymyzda ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almakda ussat gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýokary netijeler gazanylýandygyny nygtady.
Bugdaý – berekediň gözbaşy, rysgalyň çeşmesi. Onda bagtyýar ýaşaýşymyzyň özenini özünde jemleýän keremli güýç bar. Ak bugdaýly meýdanlarda bereket bolçulygy bar. Milli Liderimiz zähmet adamlaryna ýokary sarpa goýýar. Olaryň iş, durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada çynlakaý alada edýär. Netijede, türkmen babadaýhanlary guwandyryjy üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Galla meýdanlary mukaddes ýerlerdir. Çörek adamzat ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Çöregi bereketli saçaga goýup, maşgala bolup iýmeklik uly bagtdyr. Halallygy hemişe baş hemrasy edinýän halkymyz päk zähmete ykbalyny baglap gelipdir. Ekerançylyk bilen baglanyşykly ýörelgeler daýhanlarymyzyň özboluşly senedini kemala getiripdir. Türkmenistan bu gün sözüň doly manysynda ak bugdaýyň Watanydyr.
Guşgursak däne bilen diňe bir içerki bazarymyzy doly üpjün etmek bilen çäklenilmän, eýsem, onuň eksporta ugradylýan möçberi hem barha artýar. Çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanalaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bereketli türkmen topragyna taşlanan bugdaý tohumynyň bir dänesi müň bolup gaýdyp gelýär.
GALLAÇYLARA
BAGYŞLANAN DABARA
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünliklere, gallaçy kärendeçileriň ýeten ýokary sepgitlerine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan beýik ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyran gallaçylarymyzyň zähmetsöýerligini, türkmen topragynyň sahawatyny wasp eden bu dabara hormatly Prezidentimiziň ak bugdaý ussatlaryna berýän ýokary goldawynyň, zähmet gahrymanlarynyň çekýän halal zähmetiniň waspçysyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary boldy.
Bu ýerde oba zähmetkeşleriniň, ussat daýhanlaryň tutanýerli we joşgunly zähmetiniň hem-de türkmen topragynyň bereketliliginiň şanyna Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary I. I. Kuzmine Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni gowşuryldy. Myhman özüne bildirilen ýokary sylag üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny bildirip, söz sözledi. Soňra bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen we altyn başly bugdaýyň bol hasylyny ýygnamagy başaran daýhanlaryň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mundan başga-da, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we ylmy işgärleri, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň işine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, Bütinrussiýa şalyçylyk ylmy-barlag institutynyň direktory, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “CLAAS” kompaniýasynyň wekili, Russiýa Federasiýasynyň “Şelkowo agrohim” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “John Deere”, “Case” kompaniýalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktorynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň bilermeni, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkeziniň “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň ugrukdyryjysy gatnaşdy.
AZYK BOLÇULYGYNYŇ BERK BINÝADY
Ýurdumyzyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär. Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, şolar ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy, türkmen obasyny ösdürmek üçin kuwwatly durmuş-ykdysady binýadyň üpjün edilmegi obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynyň girewidir.
Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly möwsüminde dünýäniň meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilen galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi. Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.