Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Gün tertibine şu ýylyň birinji ýarymynda bu düzümiň alyp baran işleriniň netijeleri, “Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019–2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň” hem-de “Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň” taslamalary, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) guralan Halkara zähmet guramasynyň 108-nji mejlisine hem-de HZG-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy, şeýle hem beýleki birnäçe meseleler girizildi.
Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, raýatlaryň kanuny bähbitleriniň umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda goralmagy hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda adam hukuklary babatda 2016 – 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy” munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Kanunçylyk binýadyna gözegçilik etmek hem-de ony dünýäniň hukuk ulanyş tejribesinde hereket edýän kadalar bilen sazlamak boýunça teklipleri taýýarlamak toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, geçirilen çäreleriň toplumy milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdine gönükdirildi.
Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde we dünýäde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Geçen ýyllarda toplanan baý tejribä daýanmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy.
Jemleýji hasabatda bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ähli derejelerde ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasy şygarda takyk kesgitlenen, üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistany ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan strategiýasynda öz ornuny tapýar. Bu ugurdaky üstünlikler ýurdumyzyň hakyky demokratik jemgyýete we hukuk döwletine tarap ilerlemeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda adam hukuklary babatda 2016–2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2015–2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny”, şeýle hem “Çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça 2019–2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde bellenilişi ýaly, ady agzalan resminamalaryň esasy ugurlaryna laýyklykda, pudagara topar ilatyň hukuk bilimleriniň derejesini artdyrmak, degişli maglumatlara elýeterliligi giňeltmek meselelerine üns berdi.
Hormatly Prezidentimiziň toparyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geljekki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlarynyň, iş duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň tapgyryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.