Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi binasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum öz işine başlady. 18-nji iýula çenli dowam etjek forumyň işine bu gurama agza ýurtlardan köp sanly wekiliýetler, hususy hem-de raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşýar.
Bu halkara derejesindäki forumyň çäklerinde Baş sekretaryň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatdaky täze beýanaty esasyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Baş sekretaryň beýanaty onuň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Lýu Çženmin tarapyndan forumyň ilkinji mejlisinde okaldy.
Bu beýanatda gürrüň 2030-njy ýyla çenli adamzadyň ösüşiniň esasy ugurlary barada barýar. 2015-nji ýylda BMG-ä agza ýurtlaryň ählisiniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibi kabul edilipdi. Ol garyplygyň we açlygyň aradan aýrylmagy, daşky gurşawy goramak, dürli kesellere garşy göreşmek, gender deňligi we adam hukuklaryna hormat goýmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Forumyň açylyş mejlisinde çykyş eden Lýu Çženmin soňky 4 ýylyň dowamynda garyplygy aradan aýyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylandygyny, ömrüň dowamlylygynyň ýokarlandyrylandygyny, zähmet öndürijiliginiň artandygyny we işsizlik derejesiniň azalandygyny belledi.
Şeýle hem ol ösüp gelýän ýurtlaryň raýatlarynyň elektrik energiýa bilen üpjünçiliginde oňat netijeleriň gazanylandygyny aýtdy. Ol bu ugurda ýene-de edilmeli işleriň köpdügini belläp, halkara jemgyýetçiligini tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.
Syýasy forumyň şu gezekki mejlislerinde durnukly ösüşiň ilerledilmegi babatda dürli ýurtlaryň meýletin milli synlaryna hem orun berler. 47 ýurduň wekiliýetiniň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetleriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça çykyşlary diňleniler.
Syýasy forum 2013-nji ýylyň 10-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Rio+20” durnukly ösüş boýunça halkara maslahatyň jemleýji resminamasy esasynda döredildi. Forumyň mejlisi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýär. Şeýle hem forum her 4 ýyldan bir gezek Baş Assambleýanyň howandarlygynda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýär. EKOSOS-yň guramaçylygynda geçirilýän forumyň mejlisleri 8 gün dowam edip, onuň 3 gününde ministrler derejesinde ýygnaklar bolýar.
EKOSOS-yň ýolbaşçysy Inga Ronda King bu gezekki syýasy forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, onuň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ulgamynda meýletin milli synlaryň birinji tapgyrynyň tamamlanýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2019-2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-yň agzalygyna saýlandy. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy gulluklary we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar esasynda gurap, häzirki döwürde BMG-niň ençeme düzüminiň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar.