2020-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio şä­he­rin­de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry gu­ra­lar. Esa­sy iri ýa­ryş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan Olim­pi­ýa oýun­la­ry bu ge­zek 32-nji ge­zek ge­çi­ri­ler. Bir ta­rap­dan bu ab­raý­ly ýa­ry­şa gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ryn­da tür­gen­ler taý­ýar­lyk gör­ýän bol­sa­lar, beý­le­ki ta­rap­dan bu sport ýa­ry­şy­na to­ma­şa et­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny hem yzy­gi­der­li artýar. To­kio­da ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na entek bir ýyl­dan hem köp wagt bardygyna ga­ra­maz­dan, eý­ýäm pe­tek­le­ri sat­ma­gyň il­kin­ji tap­gy­ry res­mi taý­dan tamamlandy.
Bi­rin­ji tap­gyr­da ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da 3,2 mil­li­on pe­tek sa­tyl­dy. Aw­gust aýyn­da bol­sa, pe­tek­le­riň sa­tu­wy­nyň ikin­ji tap­gy­ry baş­la­nar.
Gu­ra­ma­çy­la­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu iri sport ýa­ry­şy­na gat­naş­mak is­le­ýän sport muş­dak­la­ry­nyň sa­ny­nyň 7 mil­lio­na ba­ra­bar­dy­gy mä­lim edil­di. Ýa­po­ni­ýa­da bu ýa­ry­şa yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Go­laý­da, sport ýa­ryş­la­ry üçin ýe­ne-de bir mer­kez ulan­ma­ga be­ril­di. Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň iň soň­ky bi­na­sy 2019-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da taý­ýar edi­ler. Gu­ra­ma­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň 90 gö­te­ri­mi taý­ýar edi­lip, ony no­ýabr aýy­na çen­li do­ly ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu sta­di­on sportuň fut­bol we ýe­ňil at­le­ti­ka gör­nüş­le­ri­niň hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­ler. Olim­pi­ýa oýun­la­ry 2020-nji ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da ba­dal­ga alar.