Şweý­sa­ri­ýa­nyň alym­la­ry­nyň yl­my der­ňew­le­ri­niň ne­ti­je­si­ne gö­rä, Ýer şa­ry­nyň ho­wa­sy­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek­de iň aň­sat hem-de ar­zan usu­lyň bag ek­mek­di­gi kes­git­len­di. Ýok bo­lup gi­den to­kaý zo­lak­la­ry­nyň ýerine ekil­jek bag na­hal­la­rynyň adam­za­dyň eme­le ge­tir­ýän ha­pa gaz­la­ry­nyň üç­den iki bö­le­gi­ni özü­ne çe­kip al­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bar.
Yl­my der­ňew­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, Ýer şa­ryn­da 1,7 mil­liard gek­tar to­kaý­syz ýer­ler bar, şol ýer­le­re ýer­li agaç na­hal­la­ry­nyň 1,2 tril­lio­ny­ny oturt­mak bo­lar. To­kaý­la­ryň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi üçin 1 agaç na­ha­ly­nyň gym­ma­ty 30 sen­te ba­ra­bar bo­lar. Şeýlelikde, 1 tril­li­on agaç na­ha­ly otur­dy­lan ha­la­tyn­da onuň umu­my ba­ha­sy 300 mil­liard dol­la­ra deň bo­lar. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, ýer eýe­le­ri­ni agaç na­hal­la­ry­ny oturt­ma­ga hö­wes­len­dir­me­giň has peý­da­ly bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di.