Hy­ta­ýyň alym­la­ry mar­sa­ho­dyň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­dy. Olar 2020-nji ýyl­da Mar­sa il­kin­ji uçu­şy­ny ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýarlar. Bu ba­ra­da “Glo­bal Ti­mes” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Hy­taý­ly alym­lar Mar­syň or­bi­ta­sy­na çy­kyp, Gy­zyl pla­ne­ta ara­laş­ma­gy mak­sat edin­ýärler. Eger bu uçuş şow­ly bo­lan ýag­da­ýyn­da olar pla­ne­ta­nyň at­mos­fe­ra­sy­ny, geo­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we rel­ýe­fi­ni öw­ren­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le hem pla­ne­ta­nyň mag­nit meý­da­ny­nyň hä­si­ýet­le­ri öw­re­ni­lip, Mar­syň we äh­li Gün ul­ga­my­nyň eme­le ge­liş ýag­da­ýy bo­ýun­ça mag­lu­mat al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bu sa­pa­ryň esa­sy mak­sa­dy Mars­da ýa­şa­mak üçin ala­mat­la­ry tap­mak­dan yba­rat­dyr. Alym­lar şol bir wagt­da dur­muş şert­le­ri­niň gel­jek­de üýt­gäp-üýt­ge­mez­li­gi ba­bat­da hem yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.