Adamlaryň aglabasynyň gündelik durmuşynda, resmi iş şertlerinde wajyp orun eýeleýän zatlaryň biri hem olaryň goludyr. Gol çekmek düzgüni özüniň taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň şu günki günlerimize çenli öz güýjüni ýitirmän gelýär. Goluň asyl maksady, gozgalan meseläni geçmişe degişli etmek, ony dolulygyna tamamlamak, has düşnükli dilde aýdanymyzda, soňuna nokat goýmak bolup durýar. Gol çekmegiň dürli usullary bar. Häzirki döwürde adamlar öz at-familiýalaryna golaýrak bolan gollary saýlap alýarlar we ony özlerine mahsus, özleri üçin oňaýly bolan usulda çekýärler. Psihologiýa ylmynyň has ösmegi bilen, adamlaryň gollary arkaly olaryň häsiýetlerini ýüze çykaryp bolýandygy anyklanyldy. Geliň, gollaryň käbir alamatlary, olaryň aňladýan manylary baradaky maglumatlar bilen tanyş bolalyň:
*Gol ýazuwdan tapawutlanmaýan bolsa, goluň eýesiniň häsiýetinde hiç hili ýasamalyk ýokdur. Setirden çykman göni çekilýän gol bolsa, adamyň durnukly häsiýetini aňladýar. Göwnüçökgün kişileriň golunyň soňy aşak düşýär, ruhubelentleriňki tersine.
*Goldaky harplar iri hem arasy açyk bolsa, adamyň ähli zady tiz wagtda isleýändigini görkezýär. Bu adamlar hiç wagt özünde bar bolan zatlar bilen kanagatlanmaýarlar.
*Eger-de goluň başynda familiýanyň baş harpy goýulsa, onuň eýesiniň kiçigöwünli, sypaýy hem kanagatly häsiýetiniň bardygyny aňladýar.
*Goluň birinji harpy eýesiniň adynyň baş harpyna gabat gelýän bolsa, onda ol adamyň jogapkärçilikli, işewür, oýlanşykly häsiýetini görkezýär.
*Goluň birinji harpy çylşyrymly, düşnüksiz bolsa, beýle gol adamyň ýapyk, içi pikirli häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär.
*Egri çyzyk görnüşinde çekilen gol örän hyjuwly, bir ýerde oturyp bilmeýän işeňňir adamlara mahsus bolýar. Olar şähdaçyk häsiýetli bolýarlar.
*Goluň harplary çendenaşa iri bolsa, onda bu adamyň özi hakda özgelerde ýalan pikiri döretmäge çemeleşýändigini görkezýär. Goldan soň nokat goýlan bolsa, ol eýesiniň kesirligini we juda seresaplydygyny görkezýär.
Toplan Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.