Go­laý­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň “Sport” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky fut­bol ýa­ry­şy­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, ku­bok ýa­ry­şy­na bu ýyl je­mi 9 klub gat­na­şar. Ola­ryň 8-si ýur­du­my­zyň mil­li çem­pio­na­tyn­da çy­kyş ed­ýän “Al­tyn asyr”, “Şa­ga­dam”, “Ahal”, “Ener­ge­tik”, “Kö­pet­dag”, “Aş­ga­bat”, “Ne­bit­çi” hem-de “Merw” to­par­la­ry­dyr. 9-njy to­par bol­sa, Bi­rin­ji li­ga we­kil­çi­lik ed­ýän “Türk­men­ne­bit” to­pa­ry bo­lup, ol Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň klu­bu­dyr. Çe­ki­len bi­je esa­syn­da Ýo­ka­ry li­ga­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan “Merw” bi­len “Türk­men­ne­bit” to­pa­ry çär­ýek fi­na­la çyk­mak üçin öza­ra du­şu­şar. Ola­ryň ara­syn­da­ky 1-nji oýun 27-nji iýul­da Ma­ry­da oý­nal­sa, jo­gap du­şu­şy­gy 31-nji iýul­da Bal­ka­na­bat­da ge­çi­ri­ler. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň çär­ýek fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy “Aha­l” to­pa­ry bo­lar. Ku­bo­gyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den “Al­tyn asyr” Bal­ka­na­ba­dyň “Ne­bit­çi­si” bi­len bi­je çe­kiş­di. Ku­bo­gyň soň­ky eýe­si “Kö­pet­dag” to­pa­ry bu de­re­je­si­ni sak­la­mak is­le­ýän bol­sa, on­da il­ki çär­ýek fi­nal­da “Şa­ga­dam­dan” üs­tün çyk­ma­ly bo­lar­. Ge­çen ýy­lyň fi­nal­çy­sy “Ener­ge­tik” bol­sa, çär­ýek fi­nal­da paý­tag­ty­my­zyň ady­bir to­pa­ry “Aş­ga­bat” bi­len ýa­rym fi­na­la çyk­mak üçin öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Çär­ýek fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ry 14-nji we 15-nji aw­gust­da, jo­gap du­şu­şyk­la­ry 18-nji sent­ýabr­da oý­na­lar. Ýa­rym fi­nal­da “Al­tyn asyr”–“Ne­bit­çi” du­şu­şy­gy­nyň ýe­ňi­ji­si bi­len “Ener­ge­tik”–“Aş­ga­bat” oý­nu­nyň ýe­ňi­ji­si öza­ra güýç sy­na­ny­şar. “Kö­pet­dag”-“Şa­ga­dam” du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par “Aha­l” to­pa­ry bi­len ýa-da “Merw”–“Türk­men­ne­bit” oý­nu­nyň ýe­ňi­ji­si bi­len fi­na­la çyk­mak üçin du­şu­şar.