Suw sportlary boýunça her 2 ýyldan bir gezek geçirilýän Dünýä çempionaty düýn badalga aldy. Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde geçirilýän 18-nji Dünýä çempionatyna 190-dan gowrak ýurtdan 2700-e golaý türgen gatnaşýar. 28-nji iýula çenli, 17 günläp dowam etjek çempionatda türgenler suw sportlarynyň 6 — suwda ýüzmek, açyk suwda ýüzmek, suwa bökmek, sinhronlaýyn ýüzmek, woterpol hem-de açyk suwa bökmek ýaly görnüşleri boýunça özara bäsleşerler. Medallar toplumynyň 76-sy gowşurylyp, olaryň 42-si suwda ýüzmek görnüşine degişlidir. Ýüzüjiler suwda ýüzmegiň erkin, arkanlaýyn, brast hem-de kebelekleýin görnüşleri boýunça dürli aralyklara ýekelikde hem-de toparlaýyn ýüzerler. Bu bäsleşiklerde birnäçe rekordyň goýulmagyna garaşylýar. Açyk suwda ýüzmekde türgenler 5, 10 we 25 kilometr aralyga ýüzerler. Suwa bökmekde türgenler 1, 3 we 10 metr beýiklikdäki platformalardan howuza bökerler. Çempionat birnäçe ýurtda teleýaýlym arkaly sport muşdaklarynyň dykgatyna ýetiriler.
Halkara suw sportlary federasiýasynyň (FINA) guramagynaky çempionat ilkinji gezek 1973-nji ýylda Belgradda (Serbiýa) geçirildi. 2001-nji ýyla çenli dürli aralykdaky ýyllarda geçirilen ýaryş häzirki wagtda her 2 ýyldan bir gezek guralýar. Geçenki bäsleşik 2017-nji ýylda Budapeştde (Wengriýa) geçirilipdi. Çempionat 2021-nji ýylda Fukuokada (Ýaponiýa), 2023-nji ýylda-da Dohada (Katar) geçiriler. Şu wagta çenli geçirilen ýaryşlarda iň köp altyn medaly amerikaly (253 altyn), hytaýly (130) hem-de russiýaly (93) ýüzüjiler gazandylar.