Fransiýada geçirilen futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 8-nji Dünýä Kubogynda ABŞ-nyň ýygyndysy çempion boldy. Amerikaly gyzlar Lion şäherindäki “Park Olimpik Lion” stadionynda oýnalan finalda Gollandiýanyň milli toparyny 2–0 hasabynda ýeňmegi başardy. Çekeleşikli geçen oýunda ABŞ-nyň gollaryny 61-nji minutda penaltiden toparyň kapitany Megan Rapinou bilen 69-njy minutda Rouz Lawell derwezä girizdi. Ilkinji gezek finala çykan gollandlaryň derwezeçisi Sari wan Weenendaal toparyny birnäçe howply pursatda goldan halas etdi. Şeýlelikde, 2–0 hasabynda ýeňiş gazanan ABŞ-nyň ýygyndysy bassyr 2-nji, umumylykda 4-nji gezek Dünýä Kubogyny eýelemegi başardy. 8 çempionatyň deň ýarysynda çempionlyk gazanan amerikaly gyzlar bu kubogy yzly-yzyna 2-nji gezek alan 2-nji topar boldy. Olardan öň Germaniýanyň ýygyndysy 2007-nji we 2011-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. ABŞ-nyň ýygyndysy şu wagta çenli geçirilen 8 Dünýä kubogynyň 5-sinde (soňky 3-si yzly-yzyna) finalda oýnap, şolaryň diňe birinde utuldy. Zenan futbolynyň öňdebaryjysy hasaplanýan ABŞ-nyň ýygyndysy 3 gezek hem 3-nji orny eýeledi. Umumy baýrak gaznasy 30 million dollar bolan çempionatyň ýeňijisine 4 million dollar pul baýragy berler.
Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Şwesiýa bilen Angliýa duşuşyp, Ýewropanyň has demirgazygyndakylar 2–1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şwedlere ýeňiş getiren gollary Kosoware Asllani bilen Ewa Sofiýa Ýakobsson geçirdi. Iňlisleriň ýeke-täk pökgüsini bolsa, 31-nji minutda Fran Körbi öz adyna ýazdyrdy. Şwesiýanyň ýygyndysy 3-nji gezek 3-nji orna mynasyp boldy. Geçen ýyl bürünç medal gazanan Angliýa bolsa, bu gezek çempionaty 4-nji hatarda tamamlady.
Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip (“Altyn top”), ABŞ-nyň ýygyndysynyň kapitany Megan Rapinou saýlandy. Bu ugurda “Kümüş topy” angliýaly Lusi Bronz, “Bürünç topy-da” amerikaly Rouz Lawell eýeledi. Iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda 6 gezek tapawutlanan 3 futbolçy — Megan Rapinou (6 gol, 3 asist, 428 minut), Aleks Morgan (6 gol, 3 asist, 490 minut) hem-de angliýaly Ellen Waýt (6 gol, 514 minut) degişlilikde, “Altyn”, “Kümüş” hem-de “Bürünç” butsy baýraklary bilen sylaglandy. Gollandiýaly derwezeçi Sari wan Weenendaal “Altyn ellik”, germaniýaly Jiulia Jwinn iň ökde ýaş oýunçy baýraklaryna mynasyp boldy.