De­mir­ga­zyk we Mer­ke­zi Ame­ri­ka hem-de Ka­rib­ler zo­la­gy­nyň ýa­ry­şy bo­lan KON­KA­KAF “Al­tyn ku­bo­gy­ny” (CONCACAF Gold Cup) ýe­ne-de Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy eýe­le­di. Mek­si­kan­lar Çi­ka­go­da­ky “Sol­di­er Field” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da ýer eýe­le­ri ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şy­gyň il­kin­ji ýa­rym sa­ga­dyn­da ame­ri­kan­lar 3 sa­ny örän amat­ly pur­sat­dan peý­da­la­nyp bil­me­di­ler. 1-nji ýa­ry­my 0–0 gu­ta­ran oýun­da mek­si­kan­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk pök­gi­ni 73-nji mi­nut­da Ra­ul Hi­me­ne­siň owa­dan pa­syn­dan soň, Jo­na­tan Dos San­tos der­we­zä gi­riz­di. Oý­nuň ahyr­ky mi­nut­la­ryn­da-da ýer eýe­le­ri­niň eden hü­jüm­le­ri öz ne­ti­je­si­ni ber­me­di. Gwa­te­ma­la­ly emin Ma­rio Es­ko­ba­ryň jür­le­wük ça­lan oý­nu­na 62493 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Şeý­le­lik­de, 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy 4 ýyl­dan soň, ýe­ne-de “Al­tyn ku­bo­gy” as­ma­na gö­ter­di. Bu ola­ryň umu­my­lyk­da 11-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, 6 ku­bo­gyň eýe­si ABŞ-dan ara­ny ýe­ne-de aç­ma­gy ba­şar­dy­lar. Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy umu­my­lyk­da 25-nji, KON­KA­KAF “Al­tyn ku­bo­gy” ady bi­len 15-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da je­mi 11 çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ola­ryň 3-si, 1991-nji ýyl­dan ozal, KON­KA­KAF çem­pio­na­ty ady bi­len ge­çi­ril­ýän dö­wür­le­rin­de ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk­lar­dyr.
Çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da 6 ge­zek ta­pa­wut­la­nan ka­na­da­ly Jo­na­tan De­wid iň ne­ti­je­li oýun­çy, mek­si­ka­ly Ra­ul Hi­me­nes bol­sa, bäs­le­şi­giň iň ök­de oýun­çy­sy baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di.